Ger­ma­ni­ýa­nyň “Volks­wa­gen” kom­pa­ni­ýa­sy ulag­la­ryň elekt­rik öw­rü­li­şi­gi üçin iri tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­ýär. Mu­nuň çäk­le­rin­de il­kin­ji mo­de­li “ID.3” üçin sar­gyt ka­bul edip baş­la­dy. Bu ula­gyň bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 330 km, 420 km we 550 km ýol ge­çip bil­ýän gör­nüş­le­ri bo­lar. Hä­zir­ki wagt­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ulag­la­ryň öňün­dä­ki iň uly me­se­le ýe­ter­lik zar­ýad be­ket­le­ri­niň bol­maz­ly­gy ha­sap­lan­ýar. Bu me­se­lä­ni hem ara­dan aýyr­ma­ga go­şant goş­mak is­le­ýän kom­pa­ni­ýa bu ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat ber­di. Ne­mes bren­di gel­jek­ki 5 ýy­lyň do­wa­myn­da Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da gu­rul­jak je­mi 36 müň­den gow­rak zar­ýad be­ke­di­niň 11 mü­ňü­si­ni gur­ma­gy mak­sat edin­ýär. Bu gör­ke­zi­ji zar­ýad be­ket­le­ri­niň üç­den bi­ri­niň ne­mes bren­di ta­ra­pyn­da gu­rul­jak­dy­gy­ny aň­lad­ýar. Kom­pa­ni­ýa mu­nuň inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny dö­ret­mek üçin 2017-nji ýyl­dan bä­ri iş alyp bar­ýar. “Volks­wa­gen” bu tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin dür­li şe­re­ket­ler bi­len 250 mil­li­on ýew­ro ma­ýa go­ýum öz­leş­di­rer. Ne­mes bren­di­niň ge­çi­ren pi­kir so­raş­ma­sy­nyň ne­ti­je­sin­de sü­rü­ji­le­riň 70 gö­te­ri­mi öz ulag­la­ry­ny öýün­de ýa-da iş ýer­le­rin­de zar­ýa­da goý­mak is­le­ýär­ler. Şol se­bäp­li kom­pa­ni­ýa 2020-nji ýyl­dan baş­lap öý şert­le­rin­de ulag­la­ra zar­ýad ber­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän “Wall­box” ul­ga­my­nyň sa­tu­wy­ny hem ýo­la go­ýar. “Volks­wa­gen”-iň ýol­baş­çy­la­ry gys­ga wagt­da zar­ýad ber­ýän be­ket­le­riň gur­lu­şy­gy­na şu ýy­lyň do­wa­myn­da baş­la­njak­dy­gy­ny mä­lim ed­ýär­ler.