Ir­lan­di­ýa ho­wa goý­be­ril­ýän zy­ýan­ly gaz­la­ryň muk­da­ry­ny azalt­mak üçin ýan­gyç hök­mün­de ne­bit önüm­le­rin­den peý­da­la­n­ýan ulag­la­ry çäk­len­dir­me­gi mak­sat edin­ýär. 2030-njy ýyl­dan baş­lap elekt­rik ener­gi­ýa­sy we beý­le­ki daş­ky gur­şaw üçin zy­ýan­syz ener­gi­ýa çeş­me­le­ri bi­len he­re­ket ed­ýän ulag­la­ra rug­sat edil­me­gi üçin tä­ze ka­nu­nyň tas­la­ma­sy taý­ýar­lan­dy. Bu ka­nun Kli­mat he­re­ke­ti mak­sat­na­ma­sy­nyň bir bö­le­gi bo­lup dur­ýar. Mak­sat­na­ma­da gaý­ta­dan peý­da­la­nyp bol­ma­jak plas­tik önüm­le­ri­niň hem ga­da­gan edil­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar. Mak­sat­na­ma­ny hö­dür­län ýur­duň daş­ky gur­şaw mi­nist­ri Ri­çard Bru­ton Ir­lan­di­ýa­da ula­nyl­ýan ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­niň hä­zir­ki wagt­da 85 gö­te­rim­di­gi­ne, ýy­la­dyş­ha­na gaz­la­ry­nyň bar­ha art­ýan­dy­gy­na we mu­nuň öňü­ni al­ma­gyň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­ýär.
Mak­sat­na­ma­nyň çäk­le­rin­de 2030-njy ýy­la çen­li ne­bit önüm­le­ri bi­len iş­le­ýän ulag­la­ryň he­re­ke­ti ga­da­gan edi­len­de, ýur­duň ýol­la­ryn­da 950 müň elekt­rou­lag bo­lar. Şol se­bäp­li tä­ze gu­rul­jak ýa­şa­ýyş jaý­la­ryn­da aw­to­du­ral­ga­la­ryň we zar­ýad be­ke­di­niň gu­rul­ma­gy hem göz öňün­de tu­tul­ýar. Bru­ton daş­ky gur­şaw ba­ra­da­ky mak­sat­na­ma­nyň iri ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny, ulag gat­na­wy­ny we oba ho­ja­ly­gy ýa­ly her bir aý­ra­tyn pu­da­gy öz içi­ne al­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär.