Tom­suň ys­sy gün­le­ri­ni ýe­ňil­leş­dir­ýän çä­re­le­riň sa­na­wy: öz iý­mit sa­na­wy­ňy­zy öz­ger­diň: on­dan ýag­ly, gow­ru­lan iý­mit­le­ri aý­ryň; çün­ki be­den ola­ry siň­dir­mä­ge köp ener­gi­ýa sarp ed­ýär. Ýo­ka­ry gyz­gyn­lyk de­re­je­sin­de gan go­ýa­lyp, be­den­dä­ki alyş-ça­lyş pro­se­si pe­se düş­ýär we be­de­ne agyr iý­mit­le­ri siň­dir­mek has-da agyr düş­ýär. Şo­ňa gö­rä hem tom­su­na agyr na­har­lar­dan ga­ça du­rup, gök önüm­le­re we ir-iý­miş­le­re aý­ra­tyn üns gö­nük­di­riň. Çün­ki gök önüm­ler­dir mi­we­ler suw­suz­ly­gy­ňy oňat gan­dyr­ýar.
Ys­sy gün­ler­de ýü­ze çyk­ýan teş­ne­li­gi gü­nüň do­wa­myn­da 2-3 litr suw içip gan­dy­ryp bol­ýar. Mu­ňa mi­ne­ral suw­lar, li­mon­ly gök çaý, mors, şe­ker­siz kom­pot hem gir­ýär.

Gaz­lan­dy­ry­lan süý­ji so­wuk iç­gi­ler bol­sa, suw­suz­ly­gy­ňy has-da güýç­len­dir­ýär. Kö­p­räk hy­ýar iýiň. Çün­ki onuň 90 gö­te­ri­mi suw­dan yba­rat bo­lup, dü­zü­min­de bir­gi­den klet­çat­ka­la­ry sak­la­ýar.
Eger-de siz uzak wagt­lap Gü­nüň aşa­gyn­da gal­ma­ly bol­sa­ňyz, ir­den ki­çi­jik dö­wüm çö­re­ge duz ba­syp iý­se­ňiz, ar­tyk­maç­lyk et­me­se ge­rek. Bu bol­sa, teş­ne­lik­den rüs­tem gel­mä­ge ýar­dam be­rer.
Al­ko­gol­ly iç­gi­ler­den ga­ça du­ruň, se­bä­bi olar teş­ne­lik­den ha­las et­män, ter­si­ne, ýü­rek ur­ma­sy­nyň güýç­len­me­gi­ne alyp bar­ýar.
Gün ur­ma­syn­dan ga­ça dur­mak üçin kel­lä­ňe birzat­lar geý­me­li, esa­san hem, bu ça­ga­lar we gar­ta­şan ýaş­da­ky­lar üçin has-da mö­hüm­dir.
Göz­le­riň hak­da-da ala­da et­me­li, çün­ki Gün­den go­ra­ýan äý­nek­ler gö­zi ýi­ti şöh­le­le­r­den go­ra­ýar.
Te­bi­gy sü­ýüm­ler­den edi­len açyk reňk­li eşik­le­ri ge­ýiň, çün­ki olar Gün şöh­le­le­ri­ni yzy­na ser­pik­dir­ýär­ler.
Ota­gyň içi­ni gyz­gyn­lyk­dan go­ra­ma­ga bolsa, ga­lyň tu­tu­lar, Gün şöh­le­le­ri­ni yzy­na ser­pik­dir­ýän go­rag žal­ýu­z­la­ry kö­mek ed­ýär.
Şu gün­ki gün­de otag­la­ry so­wat­mak­da split-ul­gam­lar, so­wa­dy­jy­lar we ada­ty wen­til­ýa­tor­lar ula­nyl­ýar. Ýö­ne bu ýer­de gow­şak­ly­ga ýol ber­me­li däl: çün­ki gy­zan, der­län be­deniň so­wuk aky­ma gar­şy du­ru­jy­ly­gy pes bol­ýar. Bir­ba­da ra­hat­lyk duý­sa­ňy­zam, so­wuk­la­ny­ňy­zy bil­män ga­lar­sy­ňyz.
Ze­rur­lyk bol­ma­sa, ys­sy ho­wa­da gez­mez­li­ge çal­şyň. Şeýle hem ys­sy ho­wa­da be­de­ni­ňi­ze fi­zi­ki taý­dan ag­ram sal­maz­ly­ga çal­şyň. Eger-de müm­kin­çi­lik bol­sa, iş­dä­ki ara­kes­me­de dynç alyň.
Müm­kin­çi­li­ge gö­rä, sal­kyn su­wa dü­şüp du­ruň. How­dan­lar­da su­wa düş­me­giň hem peý­da­sy uly.