Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz dur­mu­şy­my­zyň gün-gün­den öz­ger­me­gi üçin nus­ga­lyk iş­le­ri ama­la aşyr­ýar. Bu gel­je­gi­miz bo­lan ýaş ne­sil­ler ba­bat­da edil­ýän ala­da­lar­da hem aý­dyň gö­rün­ýär.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­le­ri­miz üçin dün­ýä de­re­je­sin­de döw­re­bap bi­lim al­ma­ga, iň aja­ýyp şert­ler­de dynç al­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Bu bol­sa ýaş ne­sil­le­riň ru­hy we be­den sag­ly­gy­na, hü­när taý­ýar­ly­gy­nyň kä­mil­li­gi­ne, pi­kir­le­niş we dö­re­di­ji­lik uky­by­nyň art­ma­gy­na iter­gi ber­ýär.
Ýur­du­my­zyň or­ta mek­dep­le­rin­de okuw ýy­ly­nyň üs­tün­lik­li ta­mam­la­nyp, to­mus pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len ça­ga­la­ryň dur­mu­şyn­da sa­pa­ly dynç alyş möw­sü­mi baş­lan­ýar. Bu dö­wür­de bag­ty­ýar ça­ga­lar ýur­du­myz­da er­te­ki­le­ri ýa­da sal­ýan ça­ga­lar sa­gal­dyş-dynç alyş mer­kez­le­ri­niň gu­ja­gyn­da dynç al­ýar­lar. Te­bi­ga­tyň iň gö­zel ýe­rin­de ýer­leş­ýän Gök­de­re­dä­ki ça­ga­lar sa­gal­dyş-dynç alyş mer­kez­le­ri bag­ty­ýar ça­ga­la­ry her ýyl gu­jak açyp gar­şy­la­ýar. Bu ýyl hem mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň müň­ler­çe­si­ne sa­pa­ly dynç al­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­dil­di. Tom­suň gyz­gyn gün­le­rin­de ser­gin dag ho­wa­sy bo­lan Gök­de­re ça­ga­la­ry hem­me­ta­rap­la­ýyn şat­lyk bi­len gur­şap al­ýar we ola­ra gö­zel­lik dün­ýä­si­ni ba­gyş­la­ýar.
Dynç alyş we sa­gal­dyş mer­kez­le­rin­de bag­ty­ýar ça­ga­la­ryň her bir gü­ni ýat­dan çyk­ma­jak pur­sat­la­ra bes­len­ýär. Dynç alyş döw­rün­de ça­ga­la­ryň wag­ty­ny peý­da­ly ge­çir­mek­le­ri üçin bir­nä­çe gur­nak­lar he­re­ket ed­ýär. Spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri, aý­dym-saz, tans, su­rat çek­mek, küşt-şaş­ka, suw­da ýüz­mek, şe­kil­le­ri ýa­sa­mak, çe­per dö­re­di­ji­lik, komp­ýu­ter, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ren­mek ýa­ly gur­nak­lar ça­ga­la­ryň ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­nyň ýü­ze çyk­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Gy­zyk­ly dü­zü­len me­ýil­na­ma la­ýyk­lyk­da, ça­ga­la­ryň Jan­ly te­bi­ga­tyň mil­li mu­ze­ýi­ne, ki­no­teatr­la­ra, paý­tag­ty­my­zyň dür­li ýer­le­ri­ne ge­ze­lenç­le­ri gu­ral­ýar.
Dynç alyş mer­kez­le­rin­de gy­zyk­ly ki­tap­la­ry oka­mak, oka­lan eser­ler bo­ýun­ça so­wal-jo­gap alyş­mak ça­ga­la­ryň hö­we­si­ni art­dyr­ýar. Bu ugur­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Sport dost­lu­ga, sag­ly­ga we gö­zel­li­ge ta­rap ýol­dur”, “Pa­ra­hat­çy­lyk sa­zy, dost­luk, do­gan­lyk sa­zy”, “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi”, “At­da we­pa-da bar, sa­pa-da” at­ly ki­tap­la­ry aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir.
Gö­zel Gök­de­rä­niň gi­je­si-gün­di­zi bag­ty­ýar ça­ga­la­ryň ses­le­ri­ne bes­len­ýär. Ça­ga­la­ryň ýe­ri­ne ýe­tir­ýän aý­dym­la­ry­nyň, oka­ýan goş­gu­la­ry­nyň se­si sa­pa­ly jül­gä­ni he­mi­şe ala-ýa­za öwür­ýär. Bu ýag­daý­lar ir er­tir­den giç ag­şa­ma çen­li do­wam ed­ýär. Dür­li yşyk­la­ra bes­le­nen mer­ke­ziň me­de­ni meý­dan­ça­syn­da ça­ga­lar her gün ag­şam öz deň-duş­la­ry­nyň dür­li aý­dym-saz, tans çy­kyş­la­ry­na to­ma­şa ed­ýär­ler. Ça­ga­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ril­ýän dürli gyzykly bäs­le­şik­ler bol­sa ola­ryň ba­şar­nyk­la­ry­nyň ýü­ze çyk­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär.
Ýaş ne­sil­ler ha­kyn­da ata­lyk ala­da­sy­ny ed­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz: “Türk­me­nis­tan bagt­ly ça­ga­ly­gyň, iň ar­zy­ly is­leg­le­riň ha­syl bol­ýan ýur­du­dyr” di­ýip bel­le­ýär. Bag­ty­ýar ça­ga­lar öz­le­ri üçin şeý­le aja­ýyp şert­le­ri dö­re­dip ber­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze çäk­siz ho­şal­lyk­la­ry­ny be­ýan ed­ýär­ler.

Aýyt AN­NA­ÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň
mu­gal­ly­my.