Mahal-mahal döwür, ömür, ynsan hakynda oýlanmalar dünýäsine gark bolup oturanymda, halkymyza Zeminde taryhy-medeni ýadygärliklere iň baý ülkäniň, halklaryň medeni ykballaryna täsir eden, ynsanlaryň ruhy dünýäsini gözelleşdirýän, köňüllere öwüşgin berýän milli gymmatlyklaryň, ruhy ýörelgeleriň miras galandygyna buýsanýaryn. Milletimiz öz taryhynda bu milli miraslara öz paýhasyny hem zehinini, yhlasyny hem söýgüsini siňdiripdir. Begenjini hem-de buýsanjyny bolsa ajaýyp sazlara we aýdymlara öwrüpdir. Sähralarda we çöllerde, daglarda we düzlerde, derýalaryň we deňizleriň kenarlarynda ýaşan, durmuş gözelliklerini bütin durky bilen kabul eden halkymyz beýik ruhy gymmatlyklary hem döredipdir.
Taryh halkymyzyň ynsan ömrüniň iň bagtly pursatlary hakyndaky medeni gymmatlyklary – baý mazmunly däpleri we dessurlary biziň günlerimize çenli kämilleşdirip gelendigini ykrar edýär. Hut şonuň üçin başymyzyň täji bolan Türkmenistanyň ady, ruhubelentlik, tämiz ahlaklylyk, asyllylyk, mertlik, myhmansöýerlik we ynsanperwerlik bilen yklymlarda adygan halkymyzyň milli ýörelgeleriniň mertebesi bu gün dünýäde belent tutulýar.
Dünýä medeniýeti dünýä halklarynyň medeniýetleriniň jemidir. Mes toprakda ekilen agajyň bol miwe getirişi ýaly, her bir halk öz medeniýeti bilen dünýä medeniýetiniň baýlaşmagyna goşandyny goşýar. Türkmen medeniýeti hem umumadamzat medeniýetiniň baýlaşmagyna uly goşant goşan medeniýetdir, şol bir wagtyň özünde hem bütin adamzadyň baýlygydyr. Bu medeniýet özüniň ösüşinde uzak taryhy ýoly – adamzadyň döreýiş döwründen, tä biziň günlerimize çenli eýýamlary aşyp, heňňamlary hem-de döwürleri geçip gelýär. Türkmenistanyň müňýyllyklara uzaýan buýsançly medeniýeti adamzadyň geçmişine göz aýlamaga, halklaryň we medeniýetleriň özara gatnaşygyna düşünmäge hem-de olary ösdürmäge ýardam berýär.
Ynsan diňe maddy gymmatlyklar bilen ýaşap bilmeýär. Hut şonuň üçin hem Türkmenistanyň çäginde ýaşan milletler kalbyny, ruhy dünýäsini baýlaşdyrmaga, dünýä we ýaşaýşa bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet beripdirler. Gündogary öwrenijileriň, arheologlaryň, sungaty we medeniýeti öwrenijileriň ünsüni çekýän bu ýurtda beýik medeniýet we kuwwatly döwlet bilen birlikde, özboluşly ruhy däp-dessurlar hem kemala gelipdir.
Jemal Garamesowa,
Aşgabat şäher medeniýet
müdirliginiň Merkezleşdirilen
kitaphanalar ulgamynyň
Magtymguly adyndaky merkezi
kitaphanasynyň kitaphanaçysy.