“SpaceX” kompaniýasynyň kosmos arkaly internet hyzmatyny hödürlemegi maksat edinýän “Starlink” taslamasynyň çäklerinde ilkinji synag hemralarynyň taýýardygy mälim edildi. Kompaniýanyň global internet toruny gurmak üçin iberen 60 sany emeli hemrasy golaýda orbita ýerleşipdi. Metbugat beýanatynda olaryň 57-siniň garaşylyşy ýaly işleýändigi habar berildi. Kiçi göwrümli emeli hemralar Waşington ştatynyň Redmond şäherçesindäki merkezden dolandyrylýar. Emeli hemralaryň üçüsi bilen uçurylandan soň aragatnaşyk kesildi. Olaryň Ýeriň daşyndan belli bir wagt aýlanyp, atmosfera girjekdigi we ýanyp ýok boljakdygy mälim edildi. Uçurylan enjamlaryň 45-si Ýerden 550 kilometre barabar uzaklykdaky orbitasyna baryp ýetdi. 10-sy bolsa, 440 kilometr daşlykda hereket edýär.
Emeli hemralar ýörite hereketlendirijiler arkaly degişli ýerine ugrukdyrylýar. Emeli hemralaryň ulanyş möhleti dolanyndan soňra näme bolýandygyny anyklamak üçin iki sanysy orbitasyndan ýörite çykaryldy. Munuň sebäbi, kosmosda dörejek zibilleriniň öňüniň alynmagy üçin maglumat toplamakdan ybarat. Golaýda synagdan geçirilip başlanjak hemralaryň maglumat geçiriş tizligini barlamak üçin olaryň üsti bilen wideooýunlar oýnalar. Bu iri taslama dünýäniň çet künjeklerini internet hyzmaty bilen üpjün etmek maksady bilen durmuşa geçirilýär.