NA­SA ýa­şa­ýşyň ala­mat­la­ry­ny göz­le­mek üçin Sa­turn pla­ne­ta­sy­nyň iň uly hem­ra­sy Ti­ta­na uç­ýan en­jam iber­me­gi mak­sat edin­ýär. “Dra­gonf­ly” at­ly dron Ýe­re meň­zeşdi­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýan as­man ji­si­min­däki çyl­şy­rym­ly or­ga­nizm­le­ri öw­re­ner. Bu en­ja­myň 2026-njy ýyl­da uçu­ryl­ma­gy­na we 2034-nji ýyl­dan hi­mi­ki bar­lag­la­ry ge­çi­rip baş­la­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Gün ul­ga­myn­da­ky iň uly hem­ra­la­ryň bi­ri bo­lan Ti­ta­nyň at­mos­fe­ra­sy Ýe­riň­ki­den dört es­se dy­kyz we gra­wi­ta­si­ýa­sy ýe­di es­se pes. Uçu­ry­ljak en­jam asman jisimine gonandan soňra 2,5 ýy­lyň do­wa­myn­da 180 ki­lo­metr­den gow­rak ýol ge­çer. Ol ýer­de bo­lan wag­ty 16 gün­den bir ge­zek uçu­ry­ljak “Dra­gonf­ly” suw we or­ga­ni­ki mad­da­lar ba­ra­da mag­lu­mat top­lar. Tas­la­ma­­nyň ýol­baş­çy­sy Ýe­li­za­bet Törtl Ti­ta­nda uç­magyň örän amat­ly­dy­gy­ny, ol ýer­de köl­le­riň bar­dy­gy­ny aýd­ýar. Bu köl­ler­de su­wuň de­re­gi­ne me­tan we etan gaz­la­ry bar. Şeý­le hem bu as­man ji­si­min­de pa­syl­la­ra meň­zeş möw­süm­le­ýin aý­ra­tyn­lyk­la­ryň bar­dy­gy bel­le­nil­ýär. Gü­ne uzak bo­lan­dy­gy üçin ol ýer­dä­ki tem­pe­ra­tu­ra -180 de­re­je so­wuk. Ti­tan hem­ra­sy­na 2005-nji ýyl­da “Huy­gens” at­ly en­jam gon­du­ry­lyp­dy. Ol ba­ry-ýo­gy 90 mi­nut iş­läp, bir su­ra­ty Ýe­re ibe­rip­di. Mun­dan baş­ga-da 2004-2017-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da Sa­tur­nyň or­bi­ta­syn­da he­re­ket ed­en “Cas­si­ni” at­ly eme­li hem­ra Ti­tan ba­ra­da gym­mat­ly mag­lu­mat­la­ry top­la­pdy.