Ara­gat­na­şyk en­ja­my ha­sap­lan­ýan hem bol­sa, smart­fon­la­ryň “elin­den gel­me­ýän” zat ga­ty az. Bu mo­bil en­jam­lar su­ra­ta dü­şür­mek üçin hem giň­den ula­nyl­ýar. Hä­zir­ki wagt­da iň ýo­ka­ry du­ru­lyk­da­ky te­le­fon 48 me­ga­pik­sel du­ru­ly­gyn­da su­ra­ta alyp, ol “So­ny” kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zü­len. Em­ma Ko­re­ýa­nyň “Sam­sung” kom­pa­ni­ýa­sy 64 me­ga­pik­sel du­ru­ly­gyn­da­ky “ISOCELL Bright GW1” at­ly sen­so­ry iş­läp düz­di. Bu sen­so­ryň Hy­ta­ýyň OP­PO kom­pa­ni­ýa­sy­na de­giş­li bo­lan “Re­al­me” bren­di ta­ra­pyn­dan hem ula­nyl­jak­dy­gy mä­lim edil­di. 1/1.72 dýuým­lyk sen­so­ryň ýo­ka­ry kla­sa de­giş­li smart­fon­la­ryň ara­syn­da ýi­ti bäs­deş­li­gi dö­ret­jek­di­gi aý­dyl­ýar. 64 me­ga­pik­sel du­ru­ly­gyn­da su­ra­ta dü­şür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­jek “ISOCELL Bright GW1” sen­so­ry “Xiao­mi” te­le­fon­la­ry­na hem otur­dy­lar. As­lyn­da has ýo­ka­ry du­ru­ly­gyn­da su­ra­ta alyp bil­ýän sen­sor­lar ki­çi göw­rüm­li smart­fon­lar­da go­wy iş­le­me­ýär. Em­ma ösen e­me­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy we me­ga­pik­se­li pe­seld­ýän usul­lar ar­ka­ly bu sen­sor­la­ry smart­fon­la­ra otur­dyp bol­ýar. Şeý­le­lik­de, sensor ýag­ty­ly­gy pes ýer­ler­de has du­ry şe­kil­le­ri ýaz­ga al­ýar.