Ne­bit-gaz gor­la­ry­na baý ýurt­la­ryň bi­ri bo­lan Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň paý­tag­ty Abu-Da­bi­niň go­la­ýyn­da Gün­den ener­gi­ýa ön­dür­ýän dün­ýä­niň iň uly be­ke­di işe gi­ri­zil­di. “No­or Abu Dha­bi” at­ly ägirt uly be­ke­diň önüm­çi­lik kuw­wa­ty 1,2 gi­ga­wat­ta go­laý. Bu iri ener­gi­ýa des­ga­sy­ny BAE-niň Suw we elekt­rik ener­gi­ýa­sy şe­re­ke­ti (EWEC) do­lan­dyr­ýar. Tas­la­ma­ny Ýa­po­ni­ýa­nyň “Ma­ru­be­ni Corp”, Hin­dis­ta­nyň “Ster­ling & Wil­son” we Hy­ta­ýyň Gün pa­nel­le­ri­ni ön­dür­ýän “Jin­ko So­lar” kom­pa­ni­ýa­la­ry dur­mu­şa ge­çi­rdi. Mun­dan ozal ABŞ-nyň “So­lar Star” at­ly elekt­rik be­ke­di bu ugur­da dün­ýä­niň iň ulu­sy ha­sap­lan­ýar­dy. Ka­li­for­ni­ýa­da­ky des­ga­nyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty 569 MW-a ba­ra­bar bo­lup, ol tä­ze açy­lan des­ga­nyň ýa­ry­sy­na ba­ra­bar ener­gi­ýa ön­dür­ýär. Hü­när­men­ler tä­ze döw­re­bap des­ga­nyň ho­wa goý­be­ril­ýän zy­ýan­ly gaz­la­ryň muk­da­ry­ny azalt­mak hem-de ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len dur­mu­şa ge­çi­ri­len­di­gi­ni bel­le­ýärler. Tä­ze be­ket 90 müň ilat­ly şä­he­ri elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len üp­jün edip, ho­wa goýbe­ril­ýän ga­zyň muk­da­ry­ny her ýyl­da 1 mil­li­on kub ton azal­dar. Bu gör­ke­zi­ji­niň 200 müň aw­tou­la­gyň çy­kar­ýan ga­zy­na ba­ra­bar­dy­gy aý­dyl­ýar. Tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin 870 mil­li­on dol­lar sarp edilipdir. Bu ýer­de ön­dü­ri­len her ki­lo­wat-sa­gat ener­gi­ýa üçin EWEC şe­re­ke­ti 2,4 sent tö­le­ýär. EWEC şe­re­ke­ti­niň ýol­baş­çy­sy Oth­man Ju­maa Al Ali be­ke­diň aras­sa çeş­me­ler­den ener­gi­ýa ön­dür­jek­di­gi­ni we te­bi­gy çeş­me­le­ri ulan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­jek­di­gi­ni bel­le­ýär. Ol: “Şeý­le uly tas­la­ma­nyň öz wag­tyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň dur­nuk­ly ener­gi­ýa bi­len üp­jün­çi­lik­dä­ki yna­my­my­zy gör­kez­ýär” di­ýip bel­le­ýär. “Ma­ru­be­ni Corp” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Ýos­kia­ki Ýo­ko­ta bol­sa tas­la­ma­nyň di­ňe Emir­lik­ler ýa-da se­bit ýurt­la­ry üçin däl, eý­sem, glo­bal de­re­je­de hem aras­sa ener­gi­ýa çeş­me­le­ri üçin baş­lan­gyç bo­lan­dy­gy­ny bel­le­ýär.