Täze Zelandiýada bir gezek ulanmaga niýetlenen plastmassa torbalaryň ulanylmagy gadagan edildi. Bu çäklendirmäniň goýuljakdygy geçen ýylyň awgustynda mälim edilipdi. Ýurduň daşky gurşaw ministri Ýewgeni Seýj bu çäklendirme bilen ulanylan plastmassa önümleriniň gaýtadan çig mal hökmünde peýdalanylmagynyň maksat edinilýändigini aýtdy. Häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasynyň çäklerinde dünýäniň 80-den gowrak ýurdunda şeýle çäklendirmeler bar. Köp ýurtda şeýle torbalary tölegli satmak ýola goýlan bolsa, köp ýerde ekologiýa taýdan arassa torbalaryň müşderilere tölegsiz berilmegi höweslendirilýär. Hünärmenler plastmassa zyňyndylarynyň esasan deňiz ekoulgamyna zyýan ýetirýändigine ünsi çekýärler.