To­mus pas­ly­nyň do­wam ed­ýän şu gün­le­rin­de sal­kyn­la­mak hem-de wag­ty­my­zy has-da şa­dy­ýan ge­çir­mek üçin iň gy­zyk­ly güý­men­je­le­riň bi­ri hem ýüz­mek bol­sa ge­rek. De­ňiz ke­na­ryn­da­ky ýa-da dag etek­le­rin­dä­ki ça­ga­lar dynç alyş-sa­gal­dyş mer­kez­le­rin­de ýö­ri­te ho­wuz­lar bo­lup, bu ýer­ler­de ça­ga­lar üçin ýüz­mä­ge müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­len. Şeý­le hem, paý­tag­ty­myz­da we we­la­ýat­la­ry­myz­da suw-sport des­ga­la­ry bo­lup, ol ýer­ler­de dür­li ýaş­da­ky ça­ga­lar üçin ni­ýet­le­nen ho­wuz­lar­da is­leg bil­dir­ýän­le­re ýüz­me­giň düz­gün­le­ri öw­re­dil­ýär. To­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi­niň do­wam ed­ýän şu gün­le­rin­de ýüz­me­gi öw­ren­mek we yzy­gi­der­li ýüz­mek be­de­ni­mi­zi tap­la­mak üçin örän peý­da­ly. Eý­sem, ýüz­me­giň nä­hi­li peý­da­la­ry bar­ka?! Beý­le­ki sport gör­nüş­le­rin­den ta­pa­wut­ly­lyk­da ýüz­mek be­de­niň äh­li ag­za­la­ry­nyň deň de­re­je­de he­re­ket et­me­gi­ni ta­lap ed­ýär. Su­wuň bel­li bir gar­şy­ly­gy bo­lup, ony ýe­ňip geç­mek üçin güýç, tiz­lik, çy­dam­ly­lyk we çe­ýe­lik ge­rek. Ke­se­li­gi­ne he­re­ket edil­ýändi­gi se­bäp­li yzy­gi­der­li ýüz­me­giň bo­ýuň ös­me­gi­ne hem peý­da­sy­nyň bar­dy­gy bel­le­nil­ýär. Ýüz­mek özü­ňe bo­lan yna­my­ňy ber­kid­ýär. Hü­när­men­ler ýüz­mek bi­len meş­gul­lan­ýan ça­ga­la­ryň okuw ders­le­rin­de hem üs­tün­lik ga­zan­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.
Su­wa gir­mez­den öň howp­suz­lyk
düz­gün­le­ri­ni ber­jaý et­me­gi unut­maň!
Ýü­züp bil­me­ýän bol­sa­ňyz çuň ýa-da akyp du­ran su­wa gir­mek howp­lu­dyr. Ho­wuz­dan ýa-da deňizden çy­kan ba­dy­ňy­za aras­sa suw bi­len ýu­wun­ma­ly. Na­hardan soň we aç wagtyň su­wa gir­mek mas­la­hat be­ril­me­ýär. Şol se­bäp­li na­hardan bir sagat soň ýüz­mek bolar. De­ňiz su­wy duz­ly (şor) bo­lan­dy­gy üçin süý­ji su­wa ga­ra­nyň­da has dy­kyz bol­ýar we on­da ýüz­mek has aň­sat. Su­wa gi­ri­len­de aras­sa­ly­gy­na üns ber­me­li. Ýa­ta suw­la­ra, ha­pa suw­ly köl­le­re ýa-da su­wy wagt­ly-wag­tyn­da çal­şyl­ma­dyk ho­wuz­la­ra gir­mek­den ga­ça­ dur­ma­ly. Göz we de­ri ke­sel­le­ri suw ar­ka­ly hem ge­çip bil­ýär. Süýr ­gü­nor­tan su­wa gir­mäň! Gün şöh­le­si­niň dik düş­ýän wag­ty adam be­de­ni­ne ýa­ra­maz tä­sir ed­ýär. Ga­ty ak­ýan suw ýüz­me­gi kyn­laş­dyr­ýar. Suw­da how­sa­la düş­mek gark bol­ma­gyň esa­sy se­bäp­le­ri­niň bi­ri­dir. Dow­la dü­şen adam al­jy­rap özü­ni ýi­tir­ýär. Şeý­le ýag­daý­lar­da özü­ňi asu­da alyp bar­ma­ly! Ýö­ri­te ho­wuz­la­ryň tö­we­re­gi ty­pan­çak bo­lýandy­gy se­bäp­li bu ýer­ler­de yl­ga­mak bol­ma­ýar. Aýa­gyň ta­ýyp ýy­kyl­ma­gyň müm­kin. De­giş­mek üçin hem bol­sa, hiç ki­mi ha­bar­syz su­wa it­mäň! Ýa­da­ny­ňy­zy du­ýan ba­dy­ňy­za suw­dan çy­kyň! Çuň hem-de bu­la­nyk su­wa gir­mek­den ga­ça du­ruň! Bir­den su­wa bök­mäň! Çün­ki, suw da­ma­ry­ňy­zyň çek­me­gi­ne se­bäp bo­lup bi­ler. Ýüz­mä­ge ök­de bol­sa­ňyz hem su­wa gi­re­ni­ňiz­de ýa­ny­ňyz­da kim­dir bi­ri­niň bol­ma­gy­na üns be­riň, ýe­ke­lik­de suw­da ýüz­mek­den ga­ça­ du­ruň!