Dünýäniň iri kompaniýalary ulaglaryň has howpsuz bolmagy üçin täze tehnologiýalary işläp taýýarlaýar. BMW kompaniýasy ýolyşygyň reňkini anyklap, gyzylda durýan tizlik sazlaýjy ulgamy tanyşdyrdy. Täze ulgamy kämilleşdirmek üçin nemes brendiniň häzirki wagtda ýol belgilerini “görüp” tizligi sazlaýan kameralaryndan peýdalanylar. Ulgam ýol yşyklarynyň nirelerde bardygyny ulagyň içindäki nawigasiýa arkaly öňünden bilýär. Ulag ýolyşygyna golaýlanynda, gyzyl ýanýan bolsa ýuwaşjadan durýar. Onuň gaýtadan hereket etmegi üçin sürüji tizlik sazlaýjyny gaýtadan herekete getirmeli bolar.