Ger­ma­ni­ýa­nyň “Volks­wa­gen” kom­pa­ni­ýa­sy ula­gy kä­ren­de­si­ne ber­ýän hyz­ma­ty ýo­la goý­dy. Ber­lin­de dur­mu­şa ge­çi­ri­len “WeS­ha­re” (“Biz paýlaşýarys”) at­ly tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de, il­kin­ji no­bat­da, do­lu­ly­gy­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän 1500 “e-Golf” ky­sym­ly ulag hyz­ma­ta hö­dür­len­di. Gel­jek ýyl ola­ryň ara­syn­a “e-up!” we “ID.3” mo­del­le­ri hem go­şu­lar. “WeS­ha­re” prog­ram­ma­sy haý­sy­dyr bir du­ral­ga ze­rur­lyk bolman, mo­bil app­li­ka­si­ýa ar­ka­ly ula­nyl­ýan “er­kin do­la­ny­şyk” (“free-floa­ting”) ul­ga­my hasaplanýar. “WeS­ha­re”, il­kin­ji no­bat­da, şä­her mer­ke­zin­de we ot­ly du­ral­ga­la­ry­nyň go­la­ýyn­da je­mi 150 ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny öz içi­ne alar. Soň­lu­gy bi­len ulag­la­ryň sa­ny kö­pel­di­ler we çä­gi gi­ňel­di­ler. Ho­wa men­zil­le­ri­ne bar­lan­da olar­dan aý­ra­tyn tö­leg alyn­maz. Ula­gyň bir sa­gat­lyk tö­le­gi häzirki wagtda 19 sen­te ba­ra­bar bolup, sent­ýabrdan baş­lap üç gör­nüş­li nyrh­na­ma gi­ri­zi­ler. Ula­gy kä­ren­de­si­ne al­mak üçin müş­de­ri­niň smart­fo­ny­nyň, bank kar­ty­nyň we 21 ýa­şyn­dan uly bol­ma­gy bilen birlikde azyn­dan bir ýyl­lyk sü­rüjilik tej­ri­be­si­ talap edilýär. Şeý­le hem “Lidl” we “Ka­uf­land” ýa­ly azyk önüm­le­ri­ni paý­la­ýan şe­re­ket­le­riň şa­ham­ça­la­ryn­da­ky zar­ýad be­ket­le­rin­den peý­da­la­nyp bi­ler­ler. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, “Volks­wa­gen” go­laý­da elekt­ro­kar­la­ryň zar­ýad to­ru­ny ýaý­baň­lan­dyr­mak üçin “Schwarz Group” şe­re­ke­ti bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la go­ýup­dy. Ger­ma­ni­ýa­da kä­ren­de­si­ne ulag sür­ýän­le­riň sa­ny 2010-njy ýyl­dan bä­ri 14 es­se kö­pe­lip­dir. 2010-njy ýyl­da kä­ren­de­si­ne ulag hyz­ma­tyn­dan peý­da­lan­ýan­la­ryň sa­ny 180 müň tö­we­re­gi bo­lan bol­sa, şu ýy­lyň ba­şyn­da bu gör­ke­zi­ji 2,46 mil­lio­na ýe­tip­dir.