Soň­ky wagt­lar­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän mo­del ön­dür­me­ýän kom­pa­ni­ýa ýok di­ýen ýa­ly. In­di di­ňe bir ýe­ňil aw­tou­lag­lar däl, has uly gat­naw se­riş­de­le­ri­niň hem ýan­gy­jyň aras­sa çeş­me­si bi­len iş­le­ýän gör­nüş­le­ri peý­da bo­lup baş­la­dy. Ýük we ýo­lag­çy gat­nat­ma­ga ni­ýet­le­nen mo­del­le­ri bo­lan “FI­AT Ducato” ula­gy­nyň hem şeý­le gör­nü­şi iş­le­nip dü­zül­ýär. Nus­ga­lyk gör­nü­şi ta­nyş­dy­ry­lan ula­gyň ba­ta­re­ýa­sy­nyň dür­li ara­lyk­la­ra ni­ýet­le­nen gör­nüş­le­ri bo­lar. Söw­da mak­sat­ly ýe­ňil ulag ha­sap­lan­ýan tä­ze “Ducato” bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 220-360 ki­lo­metr ara­ly­gy­nda ýol ge­çer. Kuw­wa­ty 120 at güý­jü­ne ba­ra­bar bol­jak ula­gyň ener­gi­ýa­sy­ny tyg­şyt­ly peý­da­lan­ma­gy üçin tiz­li­gi 100 km/sa­gat bi­len çäk­len­di­ri­lip­dir. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, soň­ky dö­wür­de kä­bir kom­pa­ni­ýa­lar ulag­la­ry­nyň kä­bir mo­del­le­ri­niň tiz­li­gi­niň 180 km/sa­gat­dan ýo­ka­ry bol­ma­jak­dy­gy­ny mä­lim edip­di. Elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän “Ducato”-nyň ýük gö­te­ri­ji­li­gi 1950 ki­log­ram bo­lar. In­di­ki ýyl­dan baş­lap sa­tu­wa çy­ka­ryl­jak ula­gyň ýo­lag­çy, ýük we ýö­ri­te mak­sat­la­ra ni­ýet­le­nen dür­li gör­nüş­le­ri bo­lar.