Is­pa­ni­ýa­nyň SE­AT kom­pa­ni­ýa­sy­nyň konst­ruk­tor­la­ry aw­tou­lag­la­ryň daş­ky şe­ki­li­ni di­zaýn eden­le­rin­de su­per­komp­ýu­ter­den peý­da­lan­ýar­lar. Mu­nuň üçin ýurt­da­ky iň güýç­li su­per­komp­ýu­ter bo­lan “Ma­re­Nost­rum 4” ula­nyl­ýar. Bu komp­ýu­te­riň güý­ji 40 müň ada­ty komp­ýu­te­riň­kä ba­ra­bar. Kom­pa­ni­ýa­nyň in­že­ner­le­ri Bar­se­lo­na­da­ky “Su­percom­pu­ting Cen­ter”-de (BSC) bir-bi­rin­den ta­pa­wut­ly ýüz­ler­çe mag­lu­ma­ty komp­ýu­te­re gi­riz­ýär­ler. Ula­gyň ae­ro­di­na­mi­ka ba­bat­da go­wy bol­ma­gy ýan­gy­jyň tyg­şyt­lan­ma­gy­na, ho­wa­nyň has az ha­pa­lan­ma­gy­na, ula­gyň kuw­wa­ty­nyň art­ma­gy­na ge­tir­ýär. Bu ýer­de ula­gyň äh­li bö­lek­le­ri, öňi, yzy we ti­gir­le­ri hem düýp­li bar­lan­ýar. Ka­ta­lo­ni­ýa po­li­teh­ni­ki uni­wer­si­te­tin­dä­ki su­per­komp­ýu­te­ri­ň 6 müň 912 mik­ro­çi­pi we 165 müň 888 mik­rop­ro­ses­so­ry bo­lup, kuw­wa­ty 13,7 pe­taf­lop­sa ba­ra­bar. Onuň ag­ra­my 78 ton­na go­laý. SE­AT kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Ae­ro­di­na­mi­ka bö­lü­mi­niň in­že­ne­ri Ma­ria Gar­si­ýa-Na­was aw­tou­la­gyň ae­ro­di­na­mi­ka­sy ha­sap­la­nan­da ýel ton­ne­lin­de iş­le­me­giň gym­ma­da düş­ýän­di­gi­ni, su­per­komp­ýu­ter ar­ka­ly ti­gir he­re­ket ed­ýän ma­ha­ly ho­wa­nyň tä­si­ri­ni has go­wy bi­lip bol­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär.