Awtoulag önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy “Toyota” elektrik energiýasy bilen işleýän awtoulaglary öndürmek üçin iri taslamalary durmuşa geçirýär. Ýapon brendi öňümizdäki dört ýylyň dowamynda Indoneziýada jemi 2 milliard dollarlyk maýa goýumy tapgyrlaýyn özleşdirjekdigini mälim etdi. Iri maýa goýumyň bu ýurtda durmuşa geçirilmeginiň esasy sebäpleriniň biri ýerasty baýlyklara baý bolmagydyr. Ýurtda elektrik energiýasy bilen işleýän maşynlaryň batareýalarynyň öndürilmegi üçin gerek bolan maddanyň gorlary bar. “Toyota”-nyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Akio Toýoda Indoneziýanyň elektrik energiýasy bilen işleýän awtoulaglaryň önümçiligini kämilleşdirmek isleýändigini aýdyp, özleriniň bu ýurdy esasy maýa goýum merkezi hökmünde kabul edýändiklerini aýtdy.