Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegi netijesinde, ýurdumyz ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrüldi. Eziz Watanymyzyň durnukly ösmegini üpjün etmek şol syýasatyň esasy maksadydyr. “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanylýar. Şol sanda türkmen ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek işi barha giň gerime eýe bolýar. Şu ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda halk bähbitli işleriň köp sanlysy durmuşa geçirildi, birnäçesiniň bolsa, binýady goýuldy.
Ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri dünýä boýunça ykrar edilýär. Diýarymyzda amala aşyrylýan taslamalar, gurulýan desgalar il-günümiziň bähbidine gönükdirilendir. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary derejeli önümçilik üstünlikleri gazanylýar. Muny geçen hepdede Ministrler Kabinetiniň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisindäki hasabatlar hem görkezýär. Hasabat döwründe milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda önüm öndürmek we hyzmatlary etmek boýunça ýokary netijeleriň gazanylandygy mälim edildi. Şonuň netijesinde, ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim derejesinde saklanyp galdy.
Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 30 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan, jemi iki müňe golaý senagat we ýaşaýyş-durmuş maksatly iri desgalaryň gurluşygynyň giň gerimde dowam etdirilýändigi uly buýsançly wakadyr. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 16 milliard manada ýa-da jemi içerki önümiň 26,6 göterimine barabar bolup, 2019-njy ýyl üçin maýa goýum maksatnamasy 41,5 göterim ýerine ýetirildi. 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň banklarynyň ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen karzlarynyň möçberi 9,9 göterim, ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk bölegine berlen karzlaryň möçberi bolsa 26,1 göterim artdy. Hususy telekeçiligiň işini höweslendirmäge gönükdirilen ýeňillikli karzlaryň möçberi geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 14,8 göterim ýokarlandy. Şunda taslamalaryň 1695-si maliýeleşdirildi. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça ýylyň birinji ýarymynda haryt dolanyşygynyň umumy möçberi 19,9 göterim, şunda bölek satuw haryt dolanyşygy 15,3 göterim, lomaý haryt dolanyşygy bolsa 23,5 göterim artdy. Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça degişli döwürde birža söwdalarynyň 124-si geçirilip, şonda şertnamalaryň 15 müň 227-si hasaba alyndy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça öndürilen önümleriň möçberi 5,7 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberi bolsa 6 göterim artdy. Ýanwar-iýun aýlary aralygynda ýurdumyza import edilen harytlaryň möçberiniň 19 göterim azalmagy, eksport edilen önümleriň möçberiniň bolsa 12 göterim köpelmegi, hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligi ýola goýmak babatda öňe sürýän maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Şu ýylyň 6 aýynyň netijelerine garalan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň edermen babadaýhanlarynyň hem gazanan zähmet üstünliginiň buşlanmagy taryhy mejlisiň buýsançly wakalarynyň birine öwrüldi. Edermen gallaçylarymyz şu ýyl ene topraga yhlas siňdirip, gallanyň bol hasylyny ýygnap, Watan harmanyna 1 million 650 müň tonna guşgursak ak bugdaýy tabşyrdylar. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmek babatda amala aşyrýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň saýasynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daýhanlarymyzyň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli şertler döredildi we döredilýär.
Şeýle hem şu mejlisde halkymyzyň hal-ýagdaýynyň mundan beýläk-de gowulandyrylmagyna gönükdirilen ýene-de bir şatlykly waka bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk zähmet haklarynyň ýokarlandyrylmagyna degişli taryhy Permana gol çekdi. Şol Permana laýyklykda, býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklary, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri 10 göterim köpeldiler. Munuň özi halkyň abadan durmuşda ýaşamagy hakynda döwlet derejesinde alada edilýändiginiň ajaýyp subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz turuwbaşdan ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi baş ýörelge hökmünde kabul etdi. Munuň özi ykdysadyýetimizi köp ugurly ösdürmegiň, şeýlelikde ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmagyň iňňän ygtybarly ýoludyr. Şol esasda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklary täze hil derejesinde ýokary göterilip başlandy. Ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna döwrebap halkara tejribesiniň we täze tehnikalaryň, tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, halkara we sebit derejeli ulag düzüminiň döredilmegine, döwletimiziň halkara derejesindäki at-abraýynyň ýokarlanmagyna, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulanmagyna we innowasion enjamlaryň içgin ornaşdyrylyp başlanmagyna aýratyn ähmiýet berildi. Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň has-da ösdürilmegi, ilatymyzyň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagy, ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagy ugrunda taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimize döwlet ähmiýetli işlerine hemişe rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýäris!
Arzuwgeldi KULYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň amaly mehanikasynyň kafedra müdiri.