Dünýäniň iň abraýly edebiýat baýraklarynyň biri – Dubliniň halkara edebiýat baýragy “International IMPAC Dublin Literary Award”-yň eýesi mälim edildi. ABŞ-ly ýazyjy zenan Emili Raskowiç “Aýdaho” romany üçin bu baýraga laýyk görüldi. Onuň baýragy 100 müň ýewrodan ybarat bolup, iňlis dilinde neşir edilen bu kitabyň ähmiýetini has-da artdyrýar. “The Guardian” gazetiniň maglumatlaryna görä, “Aýdaho” romany baýraga dalaşgär 141 kitabyň arasyndan saýlanyp alyndy. Dubliniň halkara edebiýat baýragynyň sanawyna girizilen eserler dünýäniň meşhur kitaphanalary tarapyndan bellige alyndy.
Ýazyjy öz eseri üçin şeýle uly möçberdäki pula eýe bolandygyna ynanyp bilmeýändigini aýtdy. Häzirlikçe bu pullary nirä sowjagyny bilmese-de, döredijiliginiň özüne näderejede uly peýda getirendigine göz ýetirdi. – Bu ýagdaý meniň üçin uly hormat bolup, dünýäde okyjylarymyň sanynyň artmagyna ýardam berdi – diýip, ol aýtdy.
Bu baýrak 1996-njy ýylda Irlandiýanyň paýtagty Dubliniň şäher geňeşi hem-de amerikan maýa goýum gaznasy “IMPAC” tarapyndan esaslandyryldy. Edebiýat merkezi hökmünde Dubliniň abraýyny galdyrmak baýragyň baş maksady bolup durýar. Ol ýylda bir gezek iňlis dilinde ýazylan iň gowy esere berilýär. Bu baýraga islendik ýurduň islendik milletinden bolan ýazyjysy dalaşgärlik edip bilýär. Kitabyň iňlis dilinde neşir edilen bolmagy bäsleşigiň ýeke-täk şerti bolup durýar. Eger eser ilki başga dilde ýazylan bolsa, onda baýragyň 25%-ini terjimeçi alýar. Dünýäniň meşhur kitaphanalary okyjylardan eser baradaky pikirlerini anyklap, baýraga hödürleýär. Halkara emin agzalary gysga sanawa giren ýazyjylaryň arasyndan has mynasybyny saýlap, ýeňiji diýip yglan edýär.