Ýaponiýanyň “Mazda”, “Toyota” we “Subaru” kompaniýalary elektroulag önümçiligini kämilleşdirmek üçin hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýärler. Gibrid we elektrokar önümçiliginde öňdebaryjy hasaplanýan “Toyota” häzirki wagtda C-HR, “Prius” we “Yaris” ýaly modelleriň gibrid görnüşlisini öndürýär. “Toyota”-nyň bu babatda entek ýeterlik tejribesi bolmadyk “Mazda” we “Subaru” kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmegi ulaglaryň täze nesliniň önümçilik depginini çaltlandyrar. “Subaru” “Viziv 7”, “Mazda” RX modeliniň elektrik energiýaly modelinde “Toyota”-nyň tejribesinden peýdalanar. “Fuji Heavy Industries” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ýasuýuki Ýoşinaga awtoulag modelleriniň arasynda elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşiniň satylmagynyň zerur bolan döwründe ýaşalýandygyny aýdyp, tutuş awtoulag senagatynyň bu ugra üns berýändigini belledi. Ýoşinaga “Subaru”, Toyota” we “Mazda” kompaniýalarynyň bu ugurda hyzmatdaşlyk etmekleriniň has talabalaýykdygyny aýtdy. Elektrokar bilen bir hatarda wodorod tehnologiýasyny hem ösdürýän kompaniýa täze nesil elektrokaryny şu ýylyň dowamynda tanyşdyrar. 2021-nji ýylda “Subaru” we “Mazda” kompaniýalary hem dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän modellerini hödürlär.