Oba hojalyk ekinlerini ekmek, idetmek we ýygnamak adam zähmetini talap edýär. Şol sebäpli bu zähmeti azaltmak üçin tehnikalaryň güýjünden has köp peýdalanylýar. Bu ugurda ösen tehnologiýadan peýdalanylýar. Kembrij uniwersitetiniň inženerleri bakja ekinlerini ýygnaýan, özbaşdak hereket edýän oba hojalyk guralyny oýlap tapdylar. “Vegebot” atly enjam islendik howa şertinde ýygnamaga taýýar bolan ekini saýgarýar. Kelemi ýa-da şoňa meňzeş beýleki ekinleriň hasylyny goparmak üçin robot ýörite pyçak bilen üpjün edilipdir. Emma ol häzirki wagtda adamdan haýal işleýär. Robot bir kelemi 32 sekuntda goparýar. Hünärmenler häzirki wagtda enjamyň has çalt işlemeginiň aladasyny edýärler. Munuň üçin onuň önümçiliginde ulanylan materiallar has ýeňilleşdiriler. Şeýle hem robot hasyla azda-kände hem bolsa zeper ýetirýär. Hünärmenler bu ýitgini dolulygyna aradan aýyrmak üçin iş alyp barýarlar.