Ýangyjy we energiýany tygşytly sarp edýän awtomobil önümçiligine aýratyn üns berýän “Toyota” kompaniýasynyň hünärmenleri ýolda barýarka zarýad alýan elektrokary işläp taýýarlaýarlar. “Toyota Prius PHV” atly ulagyň ähli ýeri diýen ýaly Gün panelleri bilen örtülipdir. Bu paneller howanyň ýagty wagty hemişe zarýad almagyny üpjün eder. Elektrik bekedine zerurlyk duýmaýandygy sebäpli artykmaç ýangyç çykdajysy hem bolmaz. Entek haçan satuwa taýýar boljakdygy mälim edilmedik ulagyň ilkinji sürülişi awgust aýynda amala aşyrylar. Ýapon brendi mundan ozal diňe depesi Gün panelli elektrokary hem synagdan geçiripdi. Onuň panelinden alýan energiýasynyň ulagyň geçmeli ýoluna degerli peýdasy bolmandy.