Täze Zelandiýadaky “Waitomo Glowworm” atly gowak dünýäniň iň täsin ýerleriniň biri hasaplanýar. “Glowworm” ýagty saçýan tomzak bolup, olar garaňky gowagyň içinde täsin görnüşi emele getirýär. Tüm garaňky gowakda ýaşaýan bu jandarlar özlerine iýmit tapmak üçin daş-töweregine ýagtylyk saçýarlar. Olaryň müňlerçesiniň birwagtda hereket etmegi bilen gowagyň içi ýagtylýar. “Arachnocampa” diýlip atlandyrylýan bu jandarlar gowagyň ýokarsynda we diwarlarynda ýapyşyp durýarlar. Olaryň yşyk saçmagy himiki täsirleşme netijesinde ýüze çykýar. Bu mör-möjekler adatça çygly we kölege ýerlerde ýaşaýarlar. “Waitomo Glowworm” gowagy gaty çuň bolup, içine girmek üçin ýüp bilen aşak düşmeli. Bu ýere gelýänler giň gowagyň içinde kölde gaýykly hem-de gaýalyklaryň arasynda pyýada gezelenç edýärler. Ýylyň islendik paslynda hem täsin gowagy görmäge gelýänler köp. Sebäbi onuň içiniň temperaturasy hemişe 12-14 derejede saklanýar. Bu mör-möjekleriň diňe Täze Zelandiýada ýaşap, entek liçinka wagty iýmitlenmek üçin ýagty saçýar. Howadaky kislorod bilen täsirleşýän liçinkadaky himiki elementler ýagtylyk döredýär. Liçinkalaryň diwardan asylyp duran kerebi ýapyşyjy häsiýete eýe bolup, ýagtylyga gelen mör-möjekler oňa ýapyşýar. Şeýlelikde, liçinka duzaga düşen awuny tutýar. Onuň liçinka döwri 9 aý dowam edýär.