Tomsuň yssy wagtynyň dowam edýän şu günlerinde köp adam deňiz kenarynda dynç alýar. Lukmanlar aşa yssy howada daşarda gezmegiň bedenimize we saglygymyza zeper ýetirip biljekdigini, şol sebäpli Gün şöhlesiniň dik düşýän mahaly daşary çykmakdan gaça durmagy, daşary çykylsa, talabalaýyk geýinmegi maslahat berýärler. Eýsem, Günüň zyýanly şöhleleri aýnadan geçip, adama zyýan ýetirip bilermi?!
Günüň ultramelewşe şöhleleri adam bedeniniň reňkiniň üýtgemeginiň esasy sebäbi hasaplanýar. Bu şöhleler penjireden geçip bilmeýär. Ultramelewşe şöhleleri görünmeýän ýokary derejede energiýaly, gysga tolkunly şöhlelerdir. Köplenç halatda maşyn sürýän adamlaryň ýüzi däl-de, tirsegi garalýar. Sebäbi, ulagyň aýnasyndan düşen şöhle adama täsir etmeýär, emma açy k aýnadan gelen şöhle teniňi garaldýar. Teniň garalmagy “derma” atly deriniň ikinji gatlagyndaky pigment öýjükleriniň şöhlä berýän reaksiýasy sebäpli bolýar. Bu öýjüklere ultramelewşe şöhleleri uzak wagtlap düşeninde “melanin” atly has goýy pigmentleriň mukdary artýar. Bu goýy reňkli pigmentler derimiziň üstündäki gatlagyň reňkini goýulaşdyrýar. “Melanin” ultramelewşe şöhlelerini özüne çekýär, ýagny bedende “melaniniň” artmagy, bedenimizi ultramelewşe şöhleleriniň zyýanly täsirinden goramak üçindir. Emma, ol belli bir wagta çenli gorap bilýär. Deriniň reňki näçe goýulaşsa hem, Gün şöhlesindäki ultramelewşe şöhleleriniň ýarysyny öz içine çekýär. Howanyň yssy we güneşli wagty bu şöhlelerden goranmak üçin, açyk reňkli, giň, pagtadan taýýarlanan, bedeniň ähli ýerini örtýän egin-eşikleri we başgap geýmek maslahat berilýär. Şeýle hem äýnek dakynmaly. Sebäbi bu şöhleler gözümiz üçin hem örän zyýanlydyr. Deňizde suwa düşülende bolsa, şöhleden goraýan ýörite kremlerden we ýaglardan peýdalanmak maslahat berilýär.