Ta­ry­hyn­da 2-nji ge­zek uly ýa­ryş­lar­da fi­na­la çy­kan Por­tu­ga­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy il­kin­ji­sin­de uly şow­suz­ly­ga uç­rap­dy. Mun­dan 12 ýyl öň, öz­le­rin­de ge­çi­ri­len çem­pio­na­tyň fi­na­lyn­da ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da Gre­si­ýa­dan as­gyn ge­lip hem­mä­ni geň gal­dy­ryp­dy. Soň­ky dö­wür­le­riň fut­bol muş­dak­la­ry Por­tu­ga­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy diý­len­de, şol 2004-nji ýyl­da­ky fi­na­ly ýa-da 2006-njy ýyl­da Dün­ýä Ku­bo­gyn­da­ky dör­dün­ji­li­gi ýat­la­sa­lar, kö­ne­ler Eu­se­bio­ly Por­tu­ga­li­ýa­nyň 1966-njy ýyl­da Dün­ýä Ku­bo­gyn­da ga­za­nan bü­rünç me­da­ly­ny ýat­layar­lar.
Ýö­ne fut­bol dün­ýä­si­ne se­re­de­niň­de, is­len­dik uly klub­da por­tu­ga­li­ýa­ly ýyl­dyz­la­ra ga­bat gel­mek bol­ýar. Ir­ki ýyl­lar­da Eu­se­bio, Ne­ne, 1990-njy we 2000-nji ýyl­lar­da Rui Koş­ta, Fi­go, Nu­no Go­meş, Pau­le­ta, do­gan­lar Pin­to­lar, De­ko, Fer­nan­do Kou­ta, Hel­der Poş­ti­ga we hä­zir­ki wagt­da-da dün­ýä­niň 2 su­per ýyl­dy­zy­nyň bi­ri Kris­tia­no Ro­nal­do, şol san­da Si­mao, Na­ni, Kua­rež­ma, Pe­pe, tä­ze ýyl­dyz Re­na­to San­çes. Em­ma ýo­kar­da ady tu­tu­lan por­tu­gal ýyl­dyz­la­ry öz­le­ri­niň çy­kyş ed­ýän klub­la­ry bi­len äh­li ku­bo­gy di­ýen ýa­ly as­ma­na gö­ter­se-de, öz ýy­gyn­dy to­par­la­ry­na ge­zek ge­len­de, şol üs­tün­lik ola­ra ba­şart­man­dy. Aý­ra­ty­nam, 1990-njy we 2000-nji ýyl­lar­da ýy­gyn­dy­ny düz­ýän ýyl­dyz­lar por­tu­gal fut­bo­ly­nyň al­tyn döw­rü­niň oýun­çy­la­ry diý­lip gör­ke­zil­ýär­di. Olar­dan öz­le­rin­de ge­çi­ri­len Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da hem­me­ler gür­rüň­siz çem­pi­on­ly­ga ga­raş­ýar­dy. Ol şeý­le-de bol­ma­ly­dy. Em­ma Gre­si­ýa­dan utu­lan şol al­tyn döw­rüň ýyl­dyz­la­ry mil­li to­par­da­ky kar­ýe­ra­la­ry­ny ku­bok­syz ta­mam­la­ma­ly bol­du­lar. Olar 2 ýyl­dan soň, Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da ýa­rym fi­na­la çy­kyp, jan­kö­ýer­ler­den ötünç so­ra­dy­lar. Ýö­ne ola­ra Ger­ma­ni­ýa–2006-da me­dal al­mak ba­şart­ma­dy. 40 ýyl öň­ki ba­şar­ny­gy gaý­ta­la­ma­gyň bo­sa­ga­sy­na ba­ran fut­bol­çy­lar 3-nji orun ug­run­da­ky oýun­da ýer eýe­si Ger­ma­ni­ýa­dan as­gyn gel­di. Dog­ry, Fi­go, Rui Koş­ta da­gy 1989-nji we 1991-nji ýyl­larda ýaş­la­ryň ara­syn­da­ky Dünýä çem­pio­na­tlaryn­da al­tyn me­dal alyp­dy­lar. Em­ma bu fut­bol jan­kö­ýer­le­ri­ni hem-de ola­ryň uly kar­ýe­ra­la­ry­ny ka­na­gat­lan­dyr­ma­ýar­dy. Ine, ahy­ry Por­tu­ga­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy su­per ýyl­dyz Kris­tia­no Ro­nal­do­nyň öň­baş­çy­ly­gyn­da, us­sat hü­när­men Fer­nan­do San­to­syň tä­lim­çi­li­gin­de 2 uly ýa­ry­şyň 1-in­de, ýag­ny Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. Saý­la­ma tap­gy­ry­na Al­ba­ni­ýa­dan utu­lyp baş­lan por­tu­gal­lar Fran­si­ýa­da­ky oýun­lar­da-da kän bir ýe­ňiş ga­za­nyp dur­ma­dy. To­par­ça­da­ky 3 oý­nu­ny-da deň­lik­de ta­mam­lan Por­tu­ga­li­ýa ýa­rym fi­na­la çen­li oý­nan je­mi 5 du­şu­şy­gyn­da-da esa­sy wagt­da ýe­ňiş ga­za­nyp bil­me­di. 1/8 fi­nal­da bäs­le­şi­giň güýç­li ýy­gyn­dy­la­ryn­dan Hor­wa­ti­ýa­ny goş­ma­ça wagt­da Kua­rež­ma­nyň go­ly bi­len utan por­tu­gal­lar çär­ýek fi­nal­da pe­nal­ti­ler­den soň, pol­ýak­lar­dan üs­tün çy­kyp­dy. Ýa­rym fi­nal­da-da Uel­si Ro­nal­do we Na­ni­niň gol­la­ry bi­len ýe­ňen Por­tu­ga­li­ýa fi­nal­da ýer eýe­si Fran­si­ýa­nyň gar­şy­da­şy bol­dy. Olar fran­suz­la­ry iň soň­ky sa­par 41 ýyl mun­dan ozal ýol­daş­lyk oý­nun­da utup­dy­lar. Üs­te­si­ne-de, iki­çäk ge­çi­ri­len soň­ky 10 oýun Fran­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň ýeň­şi bi­len gu­ta­ryp­dy. Ýew­ro­pa­dyr Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da-da fran­suz­la­ryň dö­wi he­mi­şe rüs­tem ge­lip­di.

Por­tu­ga­li­ýa­nyň il­kin­ji ýeň­şi
15-nji Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­nyň fi­nal du­şu­şy­gy Fran­si­ýa­nyň paý­tag­ty Pa­ri­žiň go­la­ýyn­da ýer­leş­ýän Sen-De­ni şä­her­çe­sin­dä­ki “Stad de Frans” sta­dio­nyn­da oý­nal­dy. Ang­li­ýa­ly Mark Klat­ten­bur­gyň emin­lik eden oý­nu­na 75868 jan­kö­ýer gat­naş­dy. Oý­nuň 1-nji ýa­ry­myn­da An­tu­an Griz­mann hem-de Mu­sa Sis­so­ko bi­len howp­ly pur­sat­la­ry dö­re­den fran­suz­lar bol­dy. Ýö­ne 1-nji ýa­ry­myň (hat­da fi­na­lyň hem diý­se bo­lar) iň ýat­da ga­lan pur­sa­dy 9-njy mi­nut­da baş­la­dy. Şol pur­sat­da Pa­ýet Ro­nal­do­nyň dy­zy­na şi­kes ýe­tir­di. Meý­dan­ça­nyň da­şyn­da 2 ge­zek luk­man kö­me­gi­ni alan Ro­nal­do 25-nji mi­nut­da göz­ýaş dö­küp, meý­dan­ça­ny terk et­me­li bol­dy. Onuň or­nu­na Ri­kar­do Kua­rež­ma oý­na go­şul­dy. 1-nji ýa­rym­da gol se­si çyk­ma­dy.
2-nji ýa­rym­da-da ha­sap­da üýt­ge­şik­lik bol­ma­dy. Ýer eýe­le­ri has köp hü­jüm et­di, gol ge­çir­mä­ge has ýa­kyn bol­dy. Aý­ra­ty­nam, Griz­man­nyň, Sis­so­ko­nyň ur­gu­la­ry­ny der­we­ze­çi Rui Pat­ri­sio sow­ma­gy ba­şar­dy. 80-nji mi­nut­da Na­ni­niň der­we­zä­niň al­ky­my­na di­ýip, de­pen pök­gü­si­ni der­we­ze­çi Llo­ris kyn­lyk bi­len sow­dy. Llo­ri­siň daş­laş­dy­ran to­pu­ny-da Kua­rež­ma uzak ara­lyk­dan üs­ta­şyr dep­di. Pök­gi az-ow­lak so­wa geç­di. Du­şu­şy­gyň 90+2-nji mi­nu­tyn­da And­re-Pi­er Žin­ýak oý­na soň­ky no­ka­dy go­ýup bi­ler­di. Onuň 3 oýun­çy­nyň ara­syn­dan de­pen to­py sü­tü­ne de­gip, der­we­zä­ni pa­ral­lel ýag­daý­da ke­sip geç­di. Şun­luk­da, Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­nyň ta­ry­hyn­da il­kin­ji ýo­la fi­nal oý­nu­nyň esa­sy wag­tyn­da gol geç­me­di. Goş­ma­ça 30 mi­nu­tyň 1-nji 15 mi­nu­ty hem 0–0 ha­sa­byn­da ta­mam­lan­dy. 108-nji mi­nut­da Ra­fa­el Gu­er­rei­ro­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ren je­ri­me ur­gu­sy örän howply boldy. Top ýo­kar­ky sü­tü­ne de­gip meý­dan­ça­nyň da­şy­na git­di. 109-njy mi­nut oý­nuň yk­ba­ly­ny kes­git­län wagt bol­dy. Oý­na soň­dan go­şu­lan hü­jüm­çi Eder ýa­rym meý­dan­ça­dan alan to­pu­ny fran­suz­la­ryň je­ri­me meý­dan­ça­sy­na go­laý­lap, gap­da­lyn­da 2 oýun­çy­nyň bar­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, 25 met­re go­laý ara­lyk­dan pökgini bat­ly dep­di. To­py der­we­ze­çi Llo­ris so­wup bil­me­di we ha­sap açyl­dy. Bu gol 2004-nji ýyl­dan soň, Ýew­ro­pa çem­pio­nat­la­ryn­da por­tu­gal­la­ryň je­ri­me meý­dan­ça­sy­nyň da­şyn­dan sa­lan il­kin­ji to­py diý­lip ha­sa­ba alyn­dy. Oý­nuň ga­lan 11 mi­nu­tyn­da fran­suz­lar ha­sa­by deň­le­jek bo­lup ta­gal­la ba­ry­ny et­se­le­rem, ne­ti­je al­mak ola­ra ba­şart­ma­dy. Şun­luk­da, Por­tu­ga­li­ýa­nyň fut­bol mil­li ýy­gyn­dy­sy ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek yk­ly­myň çem­pio­ny bol­dy. Bu ola­ryň iri ýa­ryş­lar­da­ky il­kin­ji ku­bo­gy­dyr. Şol san­da, Por­tu­ga­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Ýew­ro­pa çem­pio­nat­la­ryn­da çem­pi­on bo­lan 10-njy to­par­dyr.

Iň ök­de ýaş fut­bol­çy – San­çes

Çem­pio­na­tyň iň ök­de ýaş fut­bol­çy­sy saý­la­nan por­tu­ga­li­ýa­ly Re­na­to San­çes ýy­gyn­dy­nyň ka­pi­ta­ny Kris­tia­no Ro­nal­do­nyň fi­nal­da oý­nan iň ýaş fut­bol­çy di­ýen re­kor­dy­ny tä­ze­le­di. Ro­nal­do 2004-nji ýyl­da­ky fi­nal­da oý­nan ma­ha­ly 19 ýaş 150 gün­lük­di. San­çes we­lin, bu re­kor­dy 18 ýaş 326 gün bi­len öz ady­na ge­çir­di.

Iň ök­de­si-de, ne­ti­je­li­si-de Griz­mann

Ýy­gyn­dy­sy­ny çem­pi­on edip bil­me­se-de, çem­pio­na­tyň teh­niki to­pa­ry ta­ra­pyn­dan bäs­le­şi­giň iň gym­mat­ly oýun­çy­sy diý­lip An­tu­an Griz­mann saý­lan­dy. Fran­si­ýa­ly hü­jüm­çi öz ady­na ýaz­dy­ran 6 go­ly bi­le­nem çem­pi­na­tyň iň köp pök­gi ge­çi­ren oýun­çy­sy bol­ma­gy ba­şar­dy. An­tu­an Griz­mann Ýew­ro­pa çem­pio­nat­la­ryn­da 2 baý­ra­gy bir­den alan il­kin­ji fut­bol­çy bo­lup, şol san­da ol çem­pi­on bol­ma­dyk to­par­dan bäs­le­şi­giň iň gym­mat­ly oýun­çy­sy saý­la­nan bi­rin­ji fut­bol­çy­dyr. An­tu­an Griz­mann 1 çem­pio­nat­da iň köp gol ge­çi­ren 2-nji oýun­çy bo­lup, on­dan öň wa­tan­da­şy Mi­şel Pla­ti­ni 1984-nji ýyl­da, di­ňe 1 çem­pio­nat­da 9 ge­zek ta­pa­wut­la­nyp­dy. Şeý­le-de, Griz­mann­dan soň, Ro­nal­do, Na­ni, Ži­ru, Pa­ýet, Beýl we Mo­ra­ta çem­pio­na­ty 3 gol bi­len ta­mam­la­dy­lar.

Simwolik ýygyndy

Çempionatyň tehniki topary bäsleşigiň simwolik ýygyndysyna çempion Portugaliýadan 4, Germaniýadan 3, Fransiýadyr Uelsden 2 oýunçyny saýlady. Çempionatyň simwolik
ýygyndysy (4–2–3–1):
Rui Patrisio (Portugaliýa); Joşua Kimmih (Germaniýa), Žerom Boateng (Germaniýa),
Pepe (Portugaliýa),
Rafael Guerreiro (Portugaliýa);
Toni Kroos (Germaniýa),
Jou Allen (Uels);
Antuan Grizmann (Fransiýa), Aaron Ramsi (Uels),
Dimitri Paýet (Fransiýa);
Kristiano Ronaldo (Portugaliýa).

Sanlar, hasabatlar, maglumatlar…

* 15-nji Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da je­mi 51 du­şu­şyk ge­çi­ril­di. Olar­da 108 pök­gi der­we­zä gi­ri­zil­di. Or­ta­ça al­nan­da, her oý­na 2,12 gol­dan dü­şüp, bu gör­ke­zi­ji 1996-njy ýyl­da­ky ýa­ryş­dan bä­ri iň pes ne­ti­je diý­lip ha­sa­ba alyn­dy.
* 7 du­şu­şyk­da 1 oýun­çy 2 gol­dan ge­çi­rip, di­ňe An­tu­an Griz­mann şol başarnygyny 2 sa­par gaý­ta­la­dy (Mo­ra­ta, R.Lu­ka­ku, Ro­nal­do, Džud­žak, Ži­ru).
* Çem­pio­na­tyň do­wa­myn­da je­mi 76 oýun­çy gol ge­çir­di (105 gol). 3 gol hem aw­to­gol diý­lip ha­sa­ba alyn­dy.
* Emin­ler oý­nuň do­wa­myn­da 12 ge­zek je­ri­me meý­dan­ça­syn­da­ky ak no­ka­dy (penalti) gör­kez­di. Şo­la­ryň 4-si (Ro­nal­do, Ra­mos, Dra­go­wiç, Özil) dürs ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­di.
* 3 oýun­çy (Ir­lan­di­ýa­ly Sia­ran Klark, Is­lan­di­ýa­ly Bir­kir Mar Sae­wars­son, D. Ir­lan­di­ýa­ly Ga­ret Ma­kAu­li) ýal­ňyş­lyk bi­len pök­gi­ni öz der­we­ze­si­ne gi­riz­di.
* Iň köp gol ge­çi­ren to­par Fran­si­ýa bo­lup, kü­müş me­da­lyň eýe­le­ri 13 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy. Uk­rai­na çem­pio­na­ty gol­suz ta­mam­lan ýe­ke-täk ýy­gyn­dy bol­dy. Iň soň­ky sa­par 1996-njy ýyl­da Tür­ki­ýe şeý­le ne­ti­je gör­ke­zip­di.
* 51 oý­na 2 mil­li­on 427 müň 303 jan­kö­ýer to­ma­şa et­mä­ge gat­naş­dy (Or­ta­ça her oý­na 47594 to­ma­şa­çy dşýär). Iň köp to­ma­şa­çy­ly oýun Fran­si­ýa–Is­lan­di­ýa (76833), iň az jankö­ýer­li du­şu­şyk Rus­si­ýa–Uels oý­nu­dyr (28840).
* Emin­ler 51 oýun­da 205 ge­zek sa­ry pe­tek gör­kez­di (or­ta­ça her oý­na 4,02-den düş­ýär). Gy­zyl pe­tek­ler we­lin, ba­ry-ýo­gy 3 sa­par gör­ke­zil­di (Lo­rik Sa­na, Alek­san­dar Dra­go­wiç, Şeýn Daf­fi). Iň köp sa­ry pe­tek alan to­pa­r Ita­li­ýa (18), iň az sa­ry pe­tek gör­ke­zi­len to­par Rus­si­ýa­dyr (2).
* Iň köp gol pa­sy (asist) be­ren oýun­çy Edin Ha­zard bi­len Aa­ron Rem­si­dir (4 asist).
* Ýew­ro­pa çem­pio­nat­la­ryn­da esa­sy wag­ty 0–0 ha­sa­byn­da deň­lik­de ta­mam­la­nan il­kin­ji du­şu­şyk bol­dy.
* Il­kin­ji ge­zek ku­bo­gy alan Por­tu­ga­li­ýa Ýew­ro­pa çem­pio­nat­la­ry­nyň 10-njy çem­pio­ny bol­ma­gy ba­şar­dy.
* Fran­si­ýa Ýew­ro­pa çem­pio­nat­la­ryn­da Por­tu­ga­li­ýa­ny 1984-nji hem-de 2000-nji ýyl­lar­da ýa­rym fi­nal­da goş­ma­ça wagt­lar­da 3–2 we 2–1 ha­sa­byn­da utup­dy. Şol san­da, 2006-njy ýyl­da Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň ýa­rym fi­na­lyn­da-da Fran­si­ýa Por­tu­ga­li­ýa­dan üs­tün çy­kyp­dy.
* Bu bäs­le­şik­den soň, Ýew­ro­pa çem­pio­nat­la­ryn­da iň köp pök­gi ge­çi­ren oýun­çy­nyň sa­ny 2-ä çyk­dy. 3 ge­zek ta­pa­wut­la­nan Ro­nal­do bu ugur­da öň­de­ba­ry­jy Mi­şel Pla­ti­ni bi­len deň­leş­di. Hä­zir­ki wagt­da 2 fut­bol­çy­nyň-da 9 go­ly bo­lup, kar­ýe­ra­sy­ny do­wam et­dir­ýän fut­bol­çy­la­ryň ara­syn­da ola­ra iň go­la­ýy An­tu­an Griz­mann bi­len Weýn Ru­ni hem-de mil­li to­pa­ryn­da­ky soň­ky oý­nu­ny oý­nan Zla­tan Ib­ra­hi­mo­wiç­dir. Şol san­da ang­li­ýa­ly öň­ki ýyl­dyz­lar­dan Alan Şi­re­riň-de 7 go­ly bar.
* Kris­tia­no Ro­nal­do Ýew­ro­pa çem­pio­nat­la­ryn­da iň köp du­şu­şyk ge­çi­ren oýun­çy di­ýen adyň-da eýe­si bol­dy. Bu ýa­ry­şa çen­li fran­si­ýa­ly Li­li­an Tu­ram 16 oýun bi­len öň­de bar­ýar­dy. Fran­si­ýa­da­ky bäs­le­şik­de 7 oýun­da meý­dan­ça çy­kan Ro­nal­do je­mi 21 Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty du­şu­şy­gy­ny oý­nap, re­kor­dyň ýe­ke-täk eýe­si bol­dy. Şwanş­taý­ger 18, Buf­fon 17 oýun oý­nan bol­sa, 4 fut­bol­çy (Wan der Sar, Tu­ram, Fab­re­gas, Inies­ta) 16 oýun ge­çir­di.
* Kris­tia­no Ro­nal­do Ýew­ro­pa çem­pio­nat­la­ryn­da mi­nut bo­ýun­ça ha­sa­ba ala­nyň­da-da, sa­naw­da bi­rin­ji­li­gi eýe­le­ýär. Ol 4 çem­pio­na­tyň do­wa­myn­da 1793 mi­nut­lap çy­kyş et­di.