Awia­si­ýa pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan iri kom­pa­ni­ýa­la­ryň bi­ri bo­lan “Air­bus” gel­je­giň uçar nus­ga­sy­ny taý­ýar­la­dy. Ýyr­ty­jy gu­şy ýa­dy­ňa sal­ýan bu ho­wa gä­mi­si gel­jek­ki awia­si­ýa in­že­ner­le­ri­ni tä­ze­lik­çi teh­no­lo­gi­ýa­la­ry dö­ret­mä­ge hö­wes­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len taý­ýar­lan­yp­dyr. Şeý­le hem kom­pa­ni­ýa­nyň in­že­ner­le­ri al­nyp ba­ryl­ýan gib­rid teh­no­lo­gi­ýa ün­si çek­mek üçin şeý­le tä­sin uçar nus­ga­sy­ny iş­läp dü­züp­dir­ler. Bu tä­ze di­zaýn Ang­li­ýa­da­ky “Royal In­ter­na­tio­nal Air Tat­too” çä­re­si­niň çäk­le­rin­de “Air­bus”-yň esas­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň 50 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nyp ta­nyş­dy­ryl­dy. Bu nus­ga­lyk di­zaýn se­bit­le­ýin uçuş­lar­da ula­nyl­ýan gib­rid, tur­bo he­re­ket­len­di­ri­ji­li per­li uçar bo­lup, onuň guý­ru­gy we ga­nat­la­ry gu­şuň­ka meň­ze­ýär. Kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­sy Mar­tin As­ton awia­si­ýa pu­da­gy­ny has aras­sa, “ýa­şyl” we ses­siz bol­ma­gy üçin ta­gal­la ed­ýän­dik­le­ri­ni aýd­ýar. Ol te­bi­gat­da di­zaýn ba­bat­da bioöý­kün­me ar­ka­ly öw­re­nil­jek za­dyň köp­dü­gi­ne “A350WXB” ýo­lag­çy uçar­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­lan­la­ryn­da göz ýe­ti­ren­dik­le­ri­ni bel­le­ýär.
Ha­ky­ky uça­ryň di­zaý­ny däl hem bol­sa, bu nus­ga gel­jek­de uça­ryň daş­ky şe­ki­li­niň nä­hi­li­räk bol­jak­dy­gy ba­ra­da dü­şün­je ber­ýär.