Hin­dis­tan “Chand­rayaan-2” at­ly en­ja­my­ny ýur­duň iň kuw­wat­ly ra­ke­ta­sy bo­lan “GSLV MkIII-M1” bi­len Şri­ha­ri­ko­ta ada­syn­da­ky Sa­ti­şa Dha­wa­na kos­mod­ro­myn­dan uçur­dy. “Chand­rayaan-2” tas­la­ma­sy “Chand­rayaan” mak­sat­na­ma­sy­nyň ikin­ji tap­gy­ry bo­lup, Aýa gon­du­ry­ljak dür­li en­jam­lar ar­ka­ly Ýe­re mag­lu­mat iber­me­gi mak­sat edin­ýär. Mak­sat­na­ma­nyň bi­rin­ji tap­gy­ry­na de­giş­li bo­lan “Chand­rayaan-1” 2008-nji ýy­lyň okt­ýab­ryn­da uçu­ry­lyp­dy. Tä­ze uçu­ry­lan en­jam­la­ryň ara­syn­da Aý­da he­re­ket et­jek mo­bil ulag hem bo­lup, olar hi­mi­ki bar­lag­la­ry et­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer. Şeý­le hem en­jam­lar ol ýer­de su­wuň ala­mat­la­ry­ny göz­le­mek­de we Gün ul­ga­myn­da göz­leg iş­le­ri­ni ge­çir­mek­de peý­da­la­ny­lar. Bu tas­la­ma üçin 140 mil­li­on dol­lar sarp edi­lip­dir. Kos­mos en­jam­la­ry we ra­ke­ta do­lu­ly­gy­na di­ýen ýa­ly hin­di in­že­ner­le­ri ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zü­lip­dir. Hin­dis­ta­nyň Kos­mos Bar­lag­la­ry Gu­ra­ma­sy­nyň (IS­RO) iş­läp dü­zen “Vik­ram” at­ly en­ja­my 7-nji sent­ýabr­da Aýa go­nar. Onuň gon­ma­gy üçin il­ki howp­suz ýe­r ta­py­lar. Mak­sat­na­ma­nyň üçün­ji uçu­şy­nyň 2024-nji ýyl­da ama­la aşy­ryl­jak­dy­gy ha­bar be­ril­di.
Mun­dan ozal, ABŞ, Rus­si­ýa we Hy­taý öz en­jam­la­ry­ny Ýe­riň hem­ra­sy­na gon­dur­ma­gy ba­şa­ryp­dy. Mun­dan ozal­ky kos­mos mak­sat­na­ma­la­ryn­da bol­şy ýa­ly, “Chad­rayaan-2” hem ar­zan ba­ha­ly bol­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Hin­dis­tan 2014-nji ýyl­da ýurt Mar­sa en­jam uçu­ryp­dy. “Man­ga­lyaan” at­ly 73 mil­li­on dol­lar­lyk tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de ama­la aşy­ry­lan bu uçuş iň ar­zan hem-de Gy­zyl pla­ne­ta il­kin­ji sy­na­ny­şyk­da şow­ly bo­lan tas­la­ma hök­mün­de ha­sa­ba al­nyp­dy.