Ýokary durulykda surata düşürýän smartfonlary bilen tapawutlanýan “Sony” kompaniýasy ilkinji 5K ekranly telefonyny işläp taýýarlaýar. Ýapon kompaniýasy dünýäniň ilkinji “4K HDR OLED” ekranly smartfony bolan “Xperia 1”-i şu ýylyň fewralynda Barselonada geçirilen “MWC 2019”-da tanyşdyrypdy. “Xperia 1R” diýlip atlandyrylan täze telefonyň daşky görnüşiniň “Xperia 1”-e örän meňzeş boljakdygy aýdylýar. Bu telefon häzirkiden biraz uly bolup, ekrany 6,1 dýuým ululygynda bolar. 5040×2160 piksel durulygyndaky ekranynyň ölçegi 21:9 formatynda bolar. Ýeri gelende aýtsak, “Xperia 1”-iň 6,5 dýuýmlyk 1644×3840 piksel durulygyndaky ekrany bar. Ýagny, 5K ekranly model 70 göterim has köp pikselli bolar.