Her bir jandaryň duşmanyndan goranmak üçin üýtgeşik ukyby bolýar. Süýrenjiler toparyna degişli bolan suwulganlaryň hem duşmany köp bolup, goranmak üçin örän täsin usuldan peýdalanýarlar. Köplenç suwulganlar we beýleki kiçiräk süýrenijiler guýrugyny goparmak arkaly duşmanlaryndan gaçmagy başarýarlar. Bu jandarlar ýagysyndan gaçyp bilmejegine gözi ýetse, guýrugyny 6-7-nji oňurgasynyň arasynda ýerleşýän gowşak kekirdewük ýerinden dişläp goparýarlar. Gopan guýruk birnäçe wagtlap, towsup hereket edýär we duşmanyny güýmeýär. Bu bolsa, suwulganlara gaçmak üçin tutaryk bolýar. Wagtyň geçmegi bilen olarda täze guýruk ösüp başlaýar. Eger-de suwulgan ýaş bolsa, onda edil öňküsi ýaly tekiz guýruk çykýar. Emma garryrak bolsa, taşlanan guýruk tekiz ösmeýär. Bular ýaly wakalar diňe suwulganlarda däl-de, eýsem, oňurgasyz we oňurgaly haýwanlaryň birnäçesinde, şeýle hem deňizde ýaşaýan käbir jandarlarda gabat gelýär.