Gerekli zatlar:
Iki sany agzy syrmaly polietilen torba, ýiti uçly birnäçe galam, suw.
Suwdan doly torbany galam bilen deşip, ondan
bir damja suw hem dammaz ýaly edip bilersiňizmi?!
Bu tejribäni daşarda geçirseňiz gowy bolar.
Birinji tejribe: Bu tejribe örän aňsat we gyzykly. Ilki bilen galamlary boş torba sünçmeli! Galamyň ujuny torbanyň iki gatyndan hem geçirmeli! Soňra torbanyň içine suw guýmaly! Galamyň sünjülen ýerlerinden suw dökülip başlandygyny görersiňiz.
Ikinji tejribe: Başga bir torbanyň içiniň üçden ikisinden gowragyny suwdan dolduryň! Soňra ujy ýiti galamlary çalasynlyk bilen torbanyň içinden geçiriň! Suwuň hiç hili dökülmeýändigini görersiňiz. Ýene-de birnäçe galamy torbanyň böwründen geçiriň! Hatda başaşak hem öwrüp bilersiňiz! Ýene-de suw syzmaz.
Nädip beýle bolýar?
Birinji tejribede galamlary torba sünjüp, soňra suw guýlanda, galamlaryň gyralaryndan suw syzýar. Ikinji tejribede torbany ilki suwdan dolduryp, soňra galamlary sünjenimizde suwuň akmaýandygyny gördük. Plastik torbalar polietilenden ýasalan bolup, bu materialyň dykyzlygy az bolýar. Ýagny, onuň düzümi uzyn molekula zynjyrlaryndan ybarat bolýar. Galamyň ujy şol zynjyrlaryň arasyndan olary “döwmezden” geçýär. Zynjyrlaryň maýyşgak häsiýeti galamyň gyralaryny wagtlaýyn ýapýar. Şol sebäpli, suwuň akmagynyň öňüni alýar.