Günorta Afrikadaky Keniýa indiki ýyldan başlap energiýa zerurlyklaryny dolulygyna arassa çeşmelerden üpjün etmegi maksat edinýär. Bu maksatnamanyň çäklerinde Afrikanyň iň iri ýel energiýa bekedi gurlup, ulanmaga berildi. Maglumatlara görä, bu desga Hindi ummanyndan gelýän we ýylyň dowamynda birsyhly öwüsýän ýelden peýdalanýar. Ýurduň Prezidenti Uhuru Kenýatta “Turkana köli ýel kuwwaty” (Lake Turkana Wind Power) atly desganyň 310 megawat töweregi energiýa öndürjekdigini, bu görkezijiniň ýurtda sarp edilýän energiýanyň 13 göterim artmagyna getirjekdigini belledi. Ýurt energiýanyň arassa çeşmelerini özleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň biri hasaplanýar. Bu iri desga üçin 700 million dollar sarp edilip, 365 ýel turbinasy gurlupdyr. Bu taslama ýurtda durmuşa geçirilen hususy pudaga degişli iň gymmat taslama hasaplanýar.