Elektrokarlary öndürmegi bilen tanalýan “Tesla” kompaniýasy alternatiw energiýa çeşmelerine degişli tehnologiýalary hem işläp taýýarlaýar. Gün we ýel ýaly arassa çeşmelerden alynýan energiýa çeşmelerindäki iň uly mesele olaryň öndürilenden soňra, gerek wagty ulanmak üçin saklanmagy bolup durýar. Bu ugurda öňdebaryjy çözgütleri taýýarlaýan kompaniýanyň geçen ýyl Awstraliýada guran desgasy sebitde energiýa üçin edilýän çykdajyny 40 million dollar möçberinde tygşytlamaga mümkinçilik berdi. Ilkinji nobatda, bu ýerde äpet batareýa ulgamy guruldy. “Tesla Powerpack” atly batareýalary bolan “Megapack” atly taslamany durmuşa geçirmek has aňsat. Ýokary netijeli işleýän ulgam daşky gurşaw üçin zyýansyzdygy bilen tapawutlanýar. Bu ulgam sagatda 3 megawat energiýa saklaýar. “Megapack” taslamasyna isleg bildirýänleriň sany hem az däl. Kompaniýa bu ulgamy häzirki wagtda Kaliforniýada gurmagy maksat edinýär. Ulgam şäherleriň energiýa üpjünçiligini gowulandyrýar hem-de kompaniýanyň girdejisini artdyrýar. “Tesla”-nyň maglumatyna görä, şu ýylyň ikinji çärýeginde 6,4 milliard dollar girdeji gazanylypdyr. Munuň 368 million dollary energiýa önümçilik pudagyna degişli bolup durýar.
Gün şöhlesi bilen işleýän tramwaý
Awstraliýanyň Wiktoriýa ştatynyň Melburn şäheriniň tramwaý ulgamy dolulygyna Gün energiýasyndan öndürilen tok bilen işleýär. Ýerli häkimiýetiň ýolbaşçylary, ilkinji nobatda, sebitde sarp edilýän energiýanyň 50 göterimini arassa çeşmelerden üpjün etmegi maksat edinýär. Ýurduň iri şäherleriniň biri bolan Melburnda “Neoen Numurkah” atly Gün energiýa bekedi açyldy. Bu desga energiýa ulgamyna her ýylda 255 müň megawat/sagat elektrik energiýasyny berer. Taslamany maliýeleşdirmek üçin Işçi partiýasynyň başlangyjy bilen pul ýygnalypdy. Bu desganyň tebigata taşlanmagynyň öňüni alýan kömürturşy gazynyň mukdary 750 müň ulagy ýol hereketinden aýyrmak ýa-da 390 müň agajyňky ýaly peýda getirýär. Şäher arassa energiýa çeşmeleriniň mukdaryny 2025-nji ýyla çenli 40 göterime, 2030-njy ýyla çenli 50 göterime ýetirmegi maksat edinýär.