Hytaýyň “Huawei” kompaniýasy şu ýylyň ikinji çärýeginde 32,2 milliard dollar girdeji gazandy. Bu görkeziji birinji çärýekdäkiden 23,2 göterim ýokary bolupdyr. Tehnologiýa ägirdi ýylyň birinji ýarymynda 118 million smartfon satypdyr. Kompaniýanyň ýylyň birinji ýarymyndaky arassa peýdasy 8,7 göterim bolupdyr. “Huawei”-iň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Lýang Hua maý aýynda has ýokary ösüş gazanylandygyny, geljekde hem maýa goýumlaryň dowam etdiriljekdigini mälim etdi.