“Volks­wa­gen” şe­re­ket­le­ri to­pa­ry­nyň şu ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da­ ga­za­nan peý­da­sy ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­dä­ki­den 6,5 gö­te­rim ýo­ka­ry bo­lup, 9,6 mil­liard ýew­ro ýet­di. Ag­zal­ýan dö­wür­de ne­mes kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gir­de­ji­si 4,9 gö­te­rim ýo­kar­la­nyp, 125,2 mil­liard ýew­ro bol­dy. “Audi”, “Bu­gat­ti”, “Se­at”, “Sko­da” we “Porsche” brend­le­ri­ni hem öz içi­ne al­ýan to­pa­ryň mer­ke­zi eda­ra­sy Wolfs­burg şä­he­rin­de ýer­leş­ýär. Glo­bal aw­tou­lag se­na­ga­tyn­da­ky kyn şert­ler se­bäp­li “Volks­wa­gen”-iň äh­li şa­ham­ça­la­ryn­da­ky sa­tu­wyň ge­çen ýyl­da­ky­dan 2,8 gö­te­rim aza­lyp, 5,4 mil­li­on ulag sa­tan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, gir­de­ji­si we peý­da­sy art­dy. Has gym­mat ba­ha­ly sport aw­tou­lag­la­ry­na is­le­giň ýo­kar­lan­ma­gy we di­zel he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri kä­mil­leş­dir­mek üçin edil­ýän çyk­da­jy­la­ryň azal­ma­gy kom­pa­ni­ýa­nyň gir­de­ji­si­ne oňyn tä­sir edip­dir. Ne­mes kom­pa­ni­ýa­sy şu ýy­lyň do­wa­myn­da ga­zan­jak gir­de­ji­si­niň 5 gö­te­rim art­ma­gy­na ga­raş­ýar.