Uç­ýan kon­ki­ni oý­lap ta­pan Fran­ki Za­pa­ta Ang­li­ýa bi­len Fran­si­ýa­nyň ara­ly­gyn­da­ky Manş deň­zin­den geç­di. Ol bäş he­re­ket­len­di­ri­ji­li uç­ýan en­jam bi­len deň­ziň iň dar ýe­ri bo­lan 35 ki­lo­metr­lik Do­wer bo­ga­zy­nyň üs­tün­den 22 mi­nut­da uçup geç­di. Za­pa­ta Fran­si­ýa­da­ky San­gatt şä­he­rin­den 06:17-de ho­wa gö­te­ril­di. Bir­nä­çe mi­nut­dan Ang­li­ýa­nyň Do­wer şä­he­ri­ne gon­dy. Uç­ýan en­ja­myň he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri aýa­gy­nyň aşa­gyn­da, ýan­gy­jy bol­sa ar­ka­syn­da­ky gap­da ýer­leş­ýär. Onuň ýo­ka­ry tiz­li­gi sa­gat­da 170 ki­lo­met­re çen­li ýet­di. Za­pa­ta 2011-nji ýyl­da hem gä­mi­niň yzy­na bag­lan­mak ar­ka­ly uçup bil­ýän en­ja­my oý­lap ta­pyp­dy. Soň­ra ol “Fly­board Air” at­ly uç­ýan tag­ta­ny iş­läp düz­üp, 2016-njy ýyl­da Fran­si­ýa­da “Fly­board Air”-y 2 252 metr uçu­ryp, re­kord goý­dy.