Oýun oýnamak diňe bir beden taýdan däl, aň taýdan hem kämilleşmäge ýardam edýär. “Tilki, tilki, sagat näçe?” atly oýun hem dünýäniň dürli ýurtlarynda çagalaryň iň söýgüli oýunlarynyň biridir. Topar bolup oýnalýan oýunda çagalaryň arasyndan biri “tilki” saýlanýar. Muny sanawaç arkaly saýlap bilersiňiz! Beýleki oýunçylar “tilkiden” 20 ädim ýaly uzakda, hatar bolup durýarlar. Oýunçylar “Tilki, tilki, sagadyň näçe boldy?” diýip soraýarlar. “Tilki” islendik bir sany aýdýar. Beýleki çagalar “tilkiniň” aýdan sany ýaly ädim ädýärler. Bu san 1-den 12-ä çenli bolmalydyr. Eger “tilki” kiçiräk san aýtsa, oňa golaý barýançalar gaýtadan sanap, ýöreýärler. “Tilkiniň” yzyndaky çagalar ony ýuwaşjadan elleýärler we gaçyp başlaýarlar. “Tilki” kimi tutsa, şol hem “tilki” bolýar. Bu oýny ýadaýançaňyz oýnap bilersiňiz!