Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli hem-de parahatsöýüjilikli daşary syýasaty giň halkara hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Bu işjeň täzeçil syýasatyň netijesinde, ýurdumyz dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezine öwrüldi. Güneşli Diýarymyz iri hem-de giň göwrümli halkara maslahatlarynyň, sergileriniň, işewürlik duşuşyklarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Şeýle iri göwrümli halkara çäreler ata Watanymyzyň abraýyny has-da belende galdyrýar.
Şu gezek hem ýurdumyz, galyberse-de gojaman Hazaryň kenaryny boýlap oturan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy iri hem-de wekilçilikli forumy kabul etdi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Hazar deňziniň we oňa ýakyn sebitleriň arasynda söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, energetika hem-de syýahatçylyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge esas bolup durýan birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi. Forumyň “ykdysady” diýen ada eýe bolmagy, ykdysadyýet, söwda, maýa goýumlar, innowasiýalar we tehnologiýalar meseleleri boýunça giň pikir alyşmalara eýe bolandygynyň şaýatnamasydyr.
Taryhy ähmiýetli bu waka hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn hem-de durnukly ykdysady ösüşleri nazarlaýan ykdysady syýasatynyň giň dabaralanmasy hökmünde dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna eýe boldy. Awazada geçirilen halkara forum milli Liderimiziň öňe süren taryhy başlangyçlary, gol çekilen köp sanly halkara ylalaşyklar, işewürlik duşuşyklary hem-de gazanylan dürli söwda geleşikleri bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze taryhynda öz mynasyp ornuny aldy.
Hazar sebiti, hakykatdan hem, ykdysadyýet, söwda, ulag nukdaýnazaryndan Ýewraziýa yklymy üçin strategik ähmiýete eýedir. Şonuň üçin bu sebite dünýäniň ähli sebitleri uly gyzyklanma bildirýär. Bu gyzyklanma birinji Hazar ykdysady forumyň çäklerinde gol çekilen köp sanly ylalaşyklar hem-de geleşikler bilen täze mazmuna eýe boldy.