Ha­za­ryň türk­men ke­na­ryn­da Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­nyň tä­ze yk­rar­na­ma­sy­nyň şa­ýa­dy bol­duk. Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­nyň we­ki­li Şeý­da Su­ba­şi-Ge­mi­ji bu ge­zek ýe­ne bir re­kor­dyň gü­wä­na­ma­sy­ny gow­şur­mak üçin bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň myh­ma­ny bol­dy. Ol “Dün­ýä­de iň uly eko­sa­pak” hök­mün­de yk­rar edi­len re­kor­da ýö­ri­te gü­wä­na­ma gow­şur­dy. Re­kord de­re­je­sin­dä­ki eko­sa­pak 8-nji aw­gust­da ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­tan­ly alym­la­ryň ge­çi­ren bu sa­pa­gy­n­da dün­ýä re­kor­dy go­ýul­dy. Gat­na­şy­jy­la­ryň anyk sa­ny­ny kes­git­le­mek üçin, ola­ryň gol­la­ry­na ýüp­den bi­lek­lik da­ňyl­dy. Şol bi­lek­lik­le­riň kö­me­gi bi­len hem dün­ýä­de iň uly eko­sa­pa­gyň re­kord de­re­je­si alyn­dy. Oňa 3 mü­ňe ýa­kyn, has ta­ky­gy, 2935 adam gat­naş­dy.
Tä­ze re­kor­duň güwänamasynyň bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­myň çäk­le­rin­de gow­şu­ryl­ma­gy bu fo­ru­myň gün ter­ti­bi bi­len hem ber­k bag­la­ny­şykl­ydyr. Çün­ki, fo­rum­da edi­len çy­kyş­lar­da hem eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy ba­bat­da çe­me­leş­me­le­riň güýç­len­di­ril­me­gi bo­ýun­ça gür­rüň edil­di.
Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň
Hö­kü­me­ti­niň Baş­ly­gy
Dmit­riý Med­we­dew:
Bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­mynyň Ha­zar “bäş­li­gi­niň” çäk­le­rin­de köp de­re­je­li hyz­mat­daş­lyk ul­ga­my­ny işe­wür­lik hem-de söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li we hä­zir­ki za­man gu­ral­la­ry bi­len baý­laş­dy­ryl­ma­gy ýa­ly aý­ra­tyn mö­hüm we­zi­pe­si bar­dyr. Bu hyz­mat­daş­lyk mö­hüm sy­ýa­sy çöz­güt­ler hem-de anyk öza­ra bäh­bit­li tas­la­ma­lar bi­len ber­ki­dil­ýär.

Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň
Prem­ýer-mi­nist­ri
Now­ruz Ma­me­dow:
Azer­baý­jan Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­ny ge­çir­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy­ny gut­la­ýar. Bu fo­rum Ha­zar ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­me­giň tä­ze gu­ra­ly bo­lar.

Eýran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň
Bi­rin­ji Wi­se-pre­zi­den­ti
Es­hak Ja­han­gi­ri:
Eý­ran söw­da-yk­dy­sa­dy, se­na­gat, ma­ýa go­ýum we beý­le­ki ugur­lar­da, aý­ra­tyn-da, Ha­zar deň­zi bo­ýun­ça goň­şu­lar bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne yg­rar­ly­dyr. Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­ goň­şy ýurt­lar bi­len, şol san­da Mer­ke­zi Azi­ýa we Ha­zar ýa­ka­sy­nyň ýurt­la­ry bi­len gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek sy­ýa­sa­ty­ny alyp bar­ýar.

Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň
Prem­ýer-mi­nist­ri
As­kar Ma­min:
Ha­zar se­bi­ti örän uly, köp ba­bat­da he­niz peý­da­la­nyl­ma­dyk müm­kin­çi­lik­le­ri­ň gel­je­gi uly ugur­lar­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mek­de giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Ha­za­ryň mi­ne­ral ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň de­ňag­ram­ly öz­leş­di­ril­me­gi, üs­ta­şyr-ulag müm­kin­çi­lik­le­ri­niň, sy­ýa­hat­çy­ly­gyň, söw­da­nyň ös­dü­ril­me­gi, ma­ýa go­ýum­la­ryň çe­kil­me­gi tu­tuş se­bi­tiň dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy ösü­şi­ni üp­jün eder.
HA­ZAR­DA ME­DE­NI
GAT­NA­ŞYK­LAR BER­KE­ÝÄR
Bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my di­ňe bir söw­da-yk­dy­sa­dy ugur­lar bi­len çäk­len­män, eý­sem, Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky me­de­ni gat­na­şyk­la­ryň hem ber­ke­me­gi­ne hyz­mat et­di. “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ýur­du­my­zyň we da­şa­ry ýurt­la­ryň sun­gat us­sat­la­ry­nyň uly kon­ser­ti bol­dy. Kon­sert­de ýur­du­my­zyň sun­gat us­sat­la­ry bi­len bir ha­tar­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti Za­ra­nyň, Ser­geý La­za­re­wiň, Nýu­şa­nyň, şeý­le hem Aş­ga­bat­da önüp-ösen ýaş rus­si­ýa­ly aý­dym­çy Ol­ga Şul­taý­syň çy­kyş­la­ry hem­me­le­riň göw­nün­den tur­dy. Med­eni çä­rä azer­baý­jan­ly meş­hur est­ra­da aý­dym­çy­sy, sa­zan­da, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti Ra­şad Il­ýa­sow we onuň wa­tan­da­şy, aý­dym­çy Sa­mi­ra Efen­di­ýe­wa gat­naş­dy­lar. Öz ýur­du­nyň çäk­le­rin­den daş­arda hem meş­hur bo­lan aý­dym­çy­lar Adil­han Ma­kin we ýaş aý­dym­çy Aý­ge­rim Al­tyn­bek Ga­za­gys­ta­na we­kil­çi­lik et­di­ler. Eý­ra­nyň est­ra­da aý­dym­çy­la­ry Ma­jid Ah­şa­bi­niň we Ha­med Mah­zar­nia­nyň hem çy­kyş­la­ry şow­hun­ly el­ çar­pyş­ma­lar bi­len gar­şy­la­nyl­dy.
Baý­ram­çy­lyk ag­şa­my go­ja­man Ha­za­ryň as­ma­ny­ny aja­ýyp reňk­ler bi­len ýag­ty­lan­dy­ran ägirt uly fe­ýer­werk bi­len ta­mam­lan­dy.