Ame­ri­kan ýa­zy­jy ze­na­ny, No­be­liň ede­bi­ýat bo­ýun­ça baý­ra­gy­nyň eýe­si To­ni Mor­ri­son 5-nji aw­gust­da 89 ýa­şy­nyň için­de ara­dan çyk­dy. Mor­ri­son köp­lenç öz eser­le­rin­de ga­ra ten­li ame­ri­kan ze­nan­la­ry­nyň dur­mu­şy hak­yn­da gür­rüň goz­ga­ýar. Ol dö­re­di­ji­lik ýo­lun­da 11 ro­man ýa­zyp, naý­ba­şy ro­ma­ny “Söý­gü­li” (Be­loved) üçin 1988-nji ýyl­da Pu­lit­ser baý­ra­gyna mynasyp bolýar. 1993-nji ýyl­da bol­sa, “Ro­man­la­ryn­da­ky wa­ka­lar ar­ka­ly dur­muş ha­ky­ka­ty­ny öz­bo­luş­ly, çe­per be­ýan eden­li­gi üçin” No­be­liň ede­bi­ýat bo­ýun­ça baý­ra­gy bi­len sy­lag­la­nyl­ýar. Ol ede­bi­ýat bo­ýun­ça No­bel baý­ra­gy­ny alan il­kin­ji ga­ra ten­li ze­nan bo­lup, ABŞ-nyň ozal­ky Pre­zi­den­ti Ba­rak Oba­ma onuň dö­re­di­ji­li­gi­ne mil­li mi­ras hök­mün­de ba­ha be­rip­di.