Hy­ta­ýyň “Hua­wei” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ep­len­ýän ek­ran­ly mo­bil en­ja­my “Hua­wei Ma­te X”-iň sa­tu­wa çy­ka­ryl­jak wag­ty mä­lim edil­di. Hy­taý bren­di­niň Gün­ba­tar Ýew­ro­pa­nyň baş­ly­gy Win­sent Pang “Ma­te X” mo­de­li­niň sent­ýabr aýyn­da ta­nyş­dy­ryl­jak­dy­gy­ny aýt­dy. Şeý­le hem tä­ze en­jamyň “and­ro­id” ama­ly ul­ga­myn­da iş­le­jek­di­gi­ni bel­läp geç­di. “Hua­wei Ma­te X” smart­fon hem-de plan­şet hök­mün­de ula­nyp bol­ýan OLED ep­len­ýän “FullView” ek­ra­ny, 5G mo­dem çi­pi ýer­leş­di­ri­len. En­ja­my bir eliň bi­len açyp bol­ýar. Bu mo­bil en­ja­myň öçü­rip ýa­kyl­ýan düw­me­sin­de bar­ma­gyň yzy­ny oka­ýan aý­ra­tyn­lyk bo­lup, oňa bar­ma­gy­ňy deg­ren­den soň­ra gö­ni iş­jeň ýag­da­ýa gel­ýär. “Hua­wei Ma­te X”-iň ga­lyň­ly­gy ep­le­nen­de 11 mm, açy­lan­da 4 mm bol­ýar. “Hua­wei Ma­te X”-iň öň­ki we yz­ky ka­me­ra­ra­sy­ny bi­le­lik­de ula­nyp bol­ýar.