Tanyşdyrylyş dabarasynda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýänlere niýetlenen iki sany “akylly” sagat hem görkezildi. Bu sagatlarda uky, maşk we beýleki gündelik hereketleriňi görüp bolýar. Sagatlaryň diametri 40 mm we 44 mm bolan iki modeli bar. Olaryň ikisiniň hem alýumin we polat gabaraly iki görnüşi bar. Güberçekli “Super AMOLED” ekranyň töwereginde aýlanýan sensor çarçuwa bolup, ony towlamak arkaly applikasiýalaryň birinden beýlekisine geçip bolýar. “Galaxy Watch Active2” naharlanmak, maşk etmek, uky we beýleki sagdyn ýaşamaga höweslendirýän hereketler babatda maslahatlar berýär. Bu sagat 39 görnüşli maşky awtomat bolmadyk usulda ölçemäge mümkinçilik berýär. Olaryň arasyndan ylgamak, ýöremek, welosiped sürmek, ýüzmek, kürek çekmek ýaly hereketlere başlananda, olary awtomat ýagdaýda ölçeýär. Sagadyň 4 GB içki ýady we 768 MB RAM-y bar. Şeýle hem bu enjamyň aragatnaşygyň LTE görnüşi bolan nusgasy bolup, 1,5 GB RAM-y bar. Bu sagatlar “Bluetooth 5.0” we NFC tehnologiýalary bilen üpjün edilipdir. Sagatlarda jemgyýetçilik torlaryna we media platformalaryna bir düwmä basmak arkaly girip bolýar. Goşaryňyzdaky bu enjamda twitleriňize jogap bermek, olary halamak, şeýle hem wideo tomaşa etmek hem mümkin. “Galaxy Watch Active2” beýleki enjamlara birigip, aýdym-saz we multimediýa çeşmelerine aňsatlyk bilen girmäge mümkinçilik berýär. Sagadyň bahasy 279 dollardan başlaýar.