Hytaýyň “NeuWai” şereketi elektrik energiýasy bilen işleýän motosiklleriň birnäçe görnüşini tanyşdyrdy. Daşky görnüşi babatda örän üýtgeşik bolan bu modelleriň önümçiligine indiki ýyl başlanar. Olaryň arasynda MT104 atly motosikl bir gezekki zarýady bilen 140 kilometr ýol geçýär. Kuwwaty 48 at güýjüne barabar bolan ulag 150 km/s tizlik bilen hereket edýär. MF104 atly has kuwwatly motosikliň sagatdaky tizligi 200 km. Kuwwaty 55 at güýjüne barabar ulag bir gezekki zarýady bilen 150 kilometr ýol geçýär. CN104 we CL104 atly has kiçi modeller hem daşky dizaýnlary bilen tapawutlanýar. Bu modelleriň biriniň kuwwaty 9 at güýjüne barabar bolup, 90 km/s tizlik bilen hereket edýär. Beýlekisiniň kuwwaty 15 at güýjüne barabar bolup, sagatda 100 km ýol geçýär. Bahalary mälim edilmedik bu ulaglaryň 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde satuwa çykaryljakdygy mälim edildi.