Häzirki döwürde ýurdumyzyň dokma pudagy diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny yzygiderli ýokarlandyrýar. Dokma senagatyny öňdebaryjy tehnologiýalar we ýurdumyzyň hem-de dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri esasynda depginli ösdürmek hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi.
“Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň çäk­le­rin­de ýaý­baň­lan­dy­ry­lan Ha­zar in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar hal­ka­ra ser­gi­sin­de bir­ža söw­da­la­ry gu­ral­dy. Onuň dok­ma se­na­ga­ty­na de­giş­li bö­lü­mi­ne ABŞ-dan, Rus­si­ýa­dan, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­den, Tür­ki­ýe­den we beý­le­ki ýurt­lar­dan işe­wür­ler gat­naş­dy­lar. Olar umu­my ba­ha­sy ABŞ-nyň 6 mil­li­on 308 müň dol­la­ryn­dan gow­rak bo­lan nah ýüp­lü­giň, fla­nel we jin­si ma­ta­la­ry­nyň söw­da­sy bo­ýun­ça 19 ge­le­şik bag­laş­dy­lar. Şeý­le hem 96 müň 600 ma­nat­lyk bir ge­le­şik ama­la aşy­ryl­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ta­ra­pyn­dan mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň se­na­gat top­lu­my­nyň esa­sy pu­dak­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýan dok­ma se­na­ga­ty­nyň öňün­de da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­li­gi ýo­kar­lan­dyr­mak, tä­ze ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly kär­ha­na­la­ry eme­le ge­tir­mek, çig mal se­riş­de­le­ri­ni ne­ti­je­li ulan­mak ar­ka­ly dür­li gör­nüş­li we bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­le­riň önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça gaý­ta­dan iş­le­ýän kär­ha­na­la­ry dö­ret­mek we­zi­pe­le­ri go­ýul­dy.
Pu­da­gyň kär­ha­na­la­ry mak­ro­yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­riň saz­la­şyk­ly ösü­şi­ni üp­jün ed­ýän ugur­lar bo­ýun­ça giň möç­ber­li iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär­ler. Şu ýy­lyň ýan­war–iýul aý­la­ry bo­ýun­ça ga­za­ny­lan mag­lu­mat­lar mu­nuň su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýar. Şeý­le­lik­de, ge­çen ýe­di aý­da ön­dü­ri­len önüm­le­riň möç­ber­le­ri 2018-nji ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de köp ugur­lar bo­ýun­ça ýo­kar­lan­dy. Hu­su­san-da, nah ýüp­lü­giň önüm­çi­li­gi 35,9 gö­te­rim, nah ma­ta­la­ryň önüm­çi­li­gi tüý­jü­mek ma­ta­la­ry ha­sa­ba ala­nyň­da 75,6 gö­te­rim, ýü­pek önüm­çi­li­gi 91,8 gö­te­rim, ti­kin we ör­me önüm­le­ri 47,9 gö­te­rim, ha­ly önüm­çi­li­gi 16 gö­te­rim­den gow­rak art­dy. Şeý­le hem bö­lek ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň gör­ke­zi­ji­si­niň ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de 14,6 gö­te­rim ýo­kar­la­nan­dy­gy­ny bel­le­me­li. Dok­ma önüm­le­ri­niň eks­port möç­ber­le­ri­niň söw­da­sy­nyň ösü­şi 38,8 gö­te­ri­me, ýü­pe­giň­ki 101,6 gö­te­ri­me, ha­ly we ha­ly önüm­le­ri­niň söw­da­la­ry­nyň ösü­şi 53,8 gö­te­ri­me deň bol­dy.
Ýur­du­my­zyň dok­ma önüm­le­ri dün­ýä ba­za­ryn­da öz or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­ýar. Şu ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da 114 mil­li­on ame­ri­kan dol­la­ry­na deň bo­lan nah ýüp­lük­le­riň 39,3 müň ton­na­sy da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ril­di. Mu­nuň özi ge­çen ýy­lyň gör­ke­zi­ji­sin­den 24,3 gö­te­rim ýo­ka­ry­dyr. Şun­luk­da, nah ma­ta­la­ryň 60 mil­li­on ine­dör­dül met­re go­la­ýy ug­ra­dy­lyp, onuň umu­my ba­ha­sy 61,8 mil­li­on ame­ri­kan dol­la­ry­na ba­ra­bar­dyr. Bu bol­sa ge­çen ýyl­ky gör­ke­zi­ji­den 37,8 gö­te­rim ýo­ka­ry­dyr. Da­şa­ry ýurt­la­ra ug­ra­dy­lan egin-eşik­le­riň we beý­le­ki taý­ýar dok­ma önüm­le­ri­niň umu­my ba­ha­sy 38,1 mil­li­on ame­ri­kan dol­la­ry­na deň bol­dy. Bu bol­sa 116,8 gö­te­rim ösüş ga­za­ny­lan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Ýo­kar­da ge­ti­ri­len mag­lu­mat­lar­dan gör­nü­şi ýa­ly, pu­da­gyň öňün­de tä­ze be­lent­lik­le­re çyk­mak üçin ägirt uly müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öz çy­kyş­la­ryn­da bel­leý­şi ýa­ly, ägirt uly se­riş­de müm­kin­çi­lik­le­ri­ne eýe bo­lan dok­ma se­na­ga­ty Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň gaý­ta­dan iş­le­ýän pu­da­gy­nyň saz­la­şyk­ly ösüş ýo­lu­na dü­şen­di­gi­ni äş­gär ed­ýär. Özü­niň te­bi­gy-ho­wa şert­le­ri bo­ýun­ça ýur­du­myz or­ta we in­çe sü­ýüm­li go­wa­ça­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek üçin amat­ly kün­jek bo­lup dur­ýar. Tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ra esas­lan­ýan önüm­çi­li­giň hä­zir­ki za­man şert­le­ri­ne la­ýyk de­re­je­de gu­ral­ma­gy bi­len, aras­sa pag­ta sü­ýü­mi iň gym­mat­ly we bäh­bit­li eks­port ha­ryt­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de pag­ta sü­ýü­mi­ni gaý­ta­dan iş­le­mek 3 gö­te­rim­den 51 gö­te­ri­me çen­li ýo­kar­lan­dy.
Hä­zir­ki dö­wür­de dok­ma pu­da­gyn­da 85 kär­ha­na he­re­ket ed­ýär. Şo­la­ryň 63-si önüm­çi­lik, 15-si bol­sa bi­le­lik­dä­ki kär­ha­na­lar­dyr. Olar­da ýo­ka­ry hil­li nah we ga­ry­şyk ýüp­lük­le­riň, ma­ta­la­ryň, ör­me ma­ta­la­ryň, taý­ýar sü­tük­li, ti­kin we jin­si önüm­le­ri­niň önüm­çi­li­gi ýo­la go­ýul­dy. Mun­dan baş­ga-da, ýü­pe­gi gaý­ta­dan iş­le­ýän we aýak­gap kär­ha­na­la­ry, de­ri­niň il­kin­ji iş­len­me­gi­ni üp­jün ed­ýän za­wod­lar bar. Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň ga­ra­ma­gyn­da “Al­tyn Asyr” söw­da mer­ke­zi we ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­kan­la­ryň 11-si he­re­ket ed­ýär. Umu­man, pu­da­gyň kär­ha­na­la­ryn­da 30 mü­ňe go­laý iş­gär zäh­met çek­ýär.
Döw­re­bap kär­ha­na­la­ryň dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy­la­ry bo­lan Ýa­po­ni­ýa­nyň we Ýew­ro­pa­nyň meş­hur kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň, hu­su­san-da, Şweý­sa­ri­ýa­nyň “Rie­ter”, “Ben­nin­ger”, Ger­ma­ni­ýa­nyň “Trützsсhler”, “Sсhlaf­horst”, “Zin­ser”, “Mon­forst”, “Küs­ters”, Ita­li­ýa­nyň “Mar­zo­li”, “Ma­rio Сros­ta”, “Reg­gia­ni”, “Ario­li”, “Savio”, Bel­gi­ýa­nyň “Piсanol”, Ýa­po­ni­ýa­nyň “Tsu­da­ko­ma”, “Ju­ki”, “Mu­ra­teс” ýa­ly kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň en­jam­la­ry bi­len üp­jün edil­me­gi öň­de goý­lan mak­sat­la­ra ýet­me­giň baş şer­ti­ni eme­le ge­tir­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň nyg­taý­şy ýa­ly, ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň hal­ka­ra hil ül­ňü­si­ne we eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­na la­ýyk gel­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­me­li­dir. Şeý­le­lik­de, kär­ha­na­la­ryň önüm­le­ri “Önüm­çi­li­gi do­lan­dyr­mak we hi­le gö­zeg­çi­lik et­mek ul­ga­my” ISO 9001, “Daş-tö­we­re­gi go­ra­mak” bo­ýun­ça ISO 14001, “Zäh­me­ti go­ra­mak we kär­ha­na­lar­da teh­ni­ki howp­suz­ly­gy” bo­ýun­ça OH­SAS 18001 ýa­ly halkara derejesindäki gü­wä­na­ma­la­ra my­na­syp bol­du­lar.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýur­du­my­zyň eks­port ul­ga­myn­da dok­ma kär­ha­na­la­ry­nyň önüm­le­ri­niň ägirt uly go­şan­dy­nyň bol­ma­gy pu­da­gyň giň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň bar­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr.
Mu­nuň özi di­ňe bir da­şa­ry ýurt­lar­da is­leg bil­di­ril­ýän dür­li gör­nüş­li ýüp­lük­ler­den, ma­ta­lar­dan we tri­ko­taž önüm­le­rin­den däl, eý­sem, taý­ýar önüm­ler­den we ho­ja­lyk dok­ma ha­ryt­la­ryn­dan yba­rat­dyr. Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ka­ka we Ba­ba­daý­han et­rap­la­ryn­da dok­ma top­lum­la­ry­nyň düý­bü­niň tu­tul­ma­gy­ny mil­li Li­de­ri­mi­ziň pu­da­gyň öňün­de go­ýan gaý­ra­go­ýul­ma­syz we­zi­pe­le­ri­ni çöz­me­giň aý­dyň my­sal­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­kez­mek bo­lar. Şo­la­ryň her bi­ri ýyl­da ýü­pek pag­ta sü­ýü­mi­niň 5 müň ton­na­sy­ny gaý­ta­dan iş­le­mä­ge ni­ýet­le­nen­dir.
Tas­la­ma­la­ryň iki­sin­de hem gaý­ta­dan iş­le­mek­den baş­lap, önü­mi ön­dür­mä­ge çen­li äh­li teh­no­lo­gik iş­ler göz öňün­de tu­tul­ýar. Ola­ryň dü­zü­mi­ne egir­me, dok­ma, bo­ýag we ti­kin bö­lüm­le­ri gir­ýär. Bu kär­ha­na­la­ryň işe gi­ri­zil­me­gi bi­len, iş orun­la­ry­nyň 2 müň 650-ä go­la­ýy dö­re­di­ler. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 2017-nji ýy­lyň 5-nji okt­ýab­ryn­da gol çe­ken “Türk­men­ha­ly” döw­let bir­le­şi­gi­ni Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň ga­ra­ma­gy­na ber­mek ha­kyn­da­ky Ka­ra­ry dok­ma se­na­ga­ty­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­me­giň ýo­lun­da mö­hüm ädim bol­dy.
Döw­re­bap de­re­je­de çig ma­lyň ýo­ka­ry hil­li gaý­ta­dan iş­le­nil­me­gi­ we sa­ry­ja go­ýun­la­ryň ýaz gyr­ky­myn­dan al­nan ýüň­den aý­ra­tyn berk ýüp­lü­giň önüm­çi­li­gi­niň ýo­la go­ýul­ma­gy däp bo­lan na­gyş­ly we döw­re­bap ha­ly önüm­le­ri­ni taý­ýar­la­ma­gyň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­ga, şu pu­da­gyň ön­dü­ri­ji­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär.
“Ar­gaç” ýüň eg­ri­ji kär­ha­na­sy şu ugur­da­ky ýö­ri­te­leş­di­ri­len kär­ha­na bo­lup dur­ýar. Teh­no­lo­gi­ýa taý­dan tä­ze­len­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de, hä­zir­ki wagt­da bu kär­ha­na her gün aras­sa ýüň­den ön­dü­ri­len ýüp­lü­giň 500 ki­log­ra­ma çen­li­si­ni, şol san­da bo­ýa­lan ýüp­lü­giň 250 ki­log­ra­my­ny çy­kar­ma­ga ukyp­ly­dyr. Ma­ry­nyň ýü­ňi il­kin­ji iş­le­ýän kär­ha­na­syn­da tä­ze bö­lü­miň açyl­ma­gy bi­len, ýüň eg­ri­ji fab­rik­ler üçin çy­ka­ryl­ýan çig ma­lyň umu­my möç­be­ri­niň on­dan bir bö­le­gi pu­da­gyň is­leg­le­ri­ni do­ly ka­na­gat­lan­dyr­dy. Önü­miň esa­sy bö­le­gi içer­ki ba­za­ra ge­lip go­wuş­ýar, beý­le­ki bir bö­le­gi bol­sa da­şa­ry ýurt­ly sarp edi­ji­le­re ug­ra­dyl­ýar.
Şeý­le hem Ahal, Ma­ry, Le­bap we Da­şo­guz we­la­ýat­la­ryn­da hem-de Aş­ga­bat şä­he­rin­de döw­re­bap çe­per ha­ly­çy­lyk kär­ha­na­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na baş­la­nan­dy­gy­ny bel­le­mek mö­hüm­dir. Şo­la­ryň ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi bi­len, tä­ze iş orun­la­ry­nyň 500-si dö­re­di­ler.
Ýü­pek­çi­lik dok­ma se­na­ga­ty­nyň gel­je­gi uly ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Türk­me­nis­tan­da bu pu­da­gyň ta­ry­hy müň­ýyl­lyk­la­ryň jüm­mü­şin­den göz­baş al­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça ga­dym­dan gel­ýän mil­li pu­dak gaý­ta­dan di­kel­dil­ýär. Ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän pi­lä­niň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak, ýö­ri­te­leş­di­ri­len gaý­ta­dan iş­le­ýän kär­ha­na­la­ry gym­mat­ly çig mal bi­len do­ly üp­jün et­mek we ola­ry döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Ýü­pe­gi gaý­ta­dan iş­le­ýän esa­sy kär­ha­na­la­ryň dur­ky do­ly tä­ze­len­di hem-de öň­de­ba­ry­jy en­jam­lar bi­len üp­jün edil­di. Aş­ga­bat­da­ky ýü­pek fab­ri­gi we Türk­me­na­ba­dyň ýü­pek önüm­çi­lik bir­le­şi­gi ýo­ka­ry hal­ka­ra öl­çeg­le­re la­ýyk gel­ýän hem-de dün­ýä ba­zar­la­ryn­da uly is­leg bil­di­ril­ýän önüm­le­ri – ýü­pek çig ma­ly­ny, örän in­çe ýü­pek ýüp­lü­gi, ma­ta­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri­ni çy­kar­ýar.
Ýur­du­myz­da öň ön­dü­ril­me­ýän önüm­le­ri çy­kar­ma­ga gö­nük­di­ri­len se­na­gat kär­ha­na­la­ry pu­da­gyň eks­port kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­ga hyz­mat ed­ýär. Aş­ga­ba­dyň dok­ma top­lu­my­nyň bin­ýa­dyn­da kuw­wa­ty ýyl­da ýö­ri­te sü­ýü­miň 5 müň ton­na­sy­na ba­ra­bar bo­lan dok­ma ga­lyn­dy­la­ry­ny gaý­ta­dan iş­le­mek bo­ýun­ça bö­lüm he­re­ket ed­ýär. Türk­me­nis­tan­da il­kin­ji ge­zek or­naş­dy­ry­lan, ga­lyn­dy­la­ry gaý­ta­dan iş­le­ýän bu önüm­çi­lik ul­ga­my dün­ýä­niň köp ýurt­la­ryn­da, hu­su­san-da, Tür­ki­ýe­de, Hy­taý­da we beý­le­ki döw­let­ler­de uly is­leg bil­di­ril­ýän önüm­le­riň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­ma­ga ýar­dam et­di.
Dok­ma se­na­ga­ty­nyň ösü­şi­niň gel­je­gi ba­ra­da du­rup geç­mek bi­len, mil­li Li­de­ri­mi­ziň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň ga­ra­ma­gyn­da­ky kär­ha­na­la­ryň teh­ni­ki, yk­dy­sa­dy we ma­li­ýe-ho­ja­lyk ýag­da­ýy­nyň sel­jer­me­si esa­syn­da 2019–2025-nji ýyl­lar üçin de­giş­li me­ýil­na­ma­nyň iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek.
Şun­da mi­nistr­li­giň öz hu­su­sy se­riş­de­le­ri Mak­sat­na­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin ma­li­ýe­leş­dir­me­giň çeş­me­si bo­lar. Ba­ry-ýo­gy 7 ýy­lyň do­wa­myn­da kär­ha­na­la­ryň 38-si­niň dur­ku­ny tä­ze­le­mek we ola­ry döw­re­bap­laş­dyr­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär hem-de he­re­ket ed­ýän 22 top­lu­myň bin­ýa­dyn­da tä­ze önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­ny dö­ret­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Umu­man, pu­dak­da goş­ma­ça 3 müň 150-ä
go­laý iş or­nu­nyň dö­re­dil­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.
Ýa­kyn gel­jek­de dok­ma önüm­le­ri­niň gör­nüş­le­ri wel­wet ma­ta­sy­nyň, do­kal­ma­ýan ma­ta­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri­niň – span­bon­dyň, span­leý­siň, hol­lo­faý­be­riň, tu­ty­nyň, şeý­le hem sin­te­po­nyň we kow­ro­li­niň çy­ka­ry­ly­şy­ny ýo­la goý­ma­gyň ha­sa­by­na gi­ňel­di­ler. Şu­lar bi­len bir ha­tar­da eme­li de­ri­niň we ga­lan­te­re­ýa önüm­le­ri­niň – na­gyş ör­me­le­riň, syr­ma­la­ryň, sü­ýn­ýän jä­hek­çä­niň, ga­ýyş gu­şak­la­ryň önüm­çi­lik teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny kä­mil­leş­dir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Ýum­şak ça­ga oý­na­waç­la­ry­ny, çyg­ly el sü­pür­giç­le­ri we beý­le­ki­le­ri ön­dür­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Pu­dak bo­ýun­ça hu­su­sy eýe­çi­li­ge ge­çi­ril­me­gi me­ýil­na­ma­laş­dy­ry­lan je­mi 29 kär­ha­na­nyň 18-si eý­ýäm hu­su­sy­laş­dy­ry­lan­dyr, ga­lan­la­ry bo­ýun­ça bol­sa de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. “Türk­men­ha­ly” önüm­çi­lik bir­le­şi­gi­niň hu­su­sy­laş­dy­ryl­ma­gy me­ýil­na­ma­laş­dy­ry­lan 19 kär­ha­na­syn­dan hä­zi­re çen­li 10-sy hu­su­sy­laş­dy­ryl­dy.
Içer­ki is­leg­le­ri we dün­ýä ba­za­ry­nyň ta­lap­la­ry­ny na­za­ra al­mak bi­len, aý­ra­tyn gel­je­gi uly ugur­lar­da pu­da­gyň kuw­wa­tyn­dan has ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy, ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­riň ös­dü­ril­me­gi bi­len bir­lik­de, ýur­du­my­zyň dok­ma se­na­ga­ty­nyň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam eder.