Paý­tag­ty­my­zyň “Ýyl­dyz” myh­man­ha­na­syn­da Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň mil­li Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 100 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan da­ba­ra­ly çä­re ge­çi­ril­di. Ow­ga­nys­ta­nyň ýur­du­myz­da­ky il­çi­ha­na­sy we Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi bi­len bi­le­lik­de gu­ra­lan çä­rä Türk­me­nis­tan­da he­re­ket ed­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň iş­gär­le­ri, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry we beý­le­ki myh­man­lar gat­naş­dy­lar.

Ow­ga­nys­ta­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Mir­wa­is Nab da­ba­ra­ly çä­re­de eden çy­ky­şyn­da öz ýur­du­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­ny ga­za­nan gü­nün­den bä­ri ge­çen 100 ýy­lyň do­wa­myn­da köp san­ly kyn­çy­lyk­la­ra du­çar bo­lan­dy­gy­ny, soň­ky 19 ýy­lyň do­wa­myn­da bol­sa, ow­gan hal­ky­nyň yk­dy­sa­dy­ýet­de, ylym-bi­lim­de, yn­san­per­wer ugur­lar­da uly ösüş­ler ga­za­nan­dy­gy­ny bel­le­di.
Şeý­le hem il­çi söw­da we üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­riň mer­ke­zin­de ýer­leş­ýän Ow­ga­nys­ta­nyň mil­li bäh­bit­le­ri­ni hem na­zar­da tu­tup, se­bit­iň we dün­ýä­niň en­çe­me ýur­dy bi­len hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la go­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Il­çi hu­su­san-da, Ow­ga­nys­ta­nyň hö­kü­me­ti­niň iň ýa­kyn goň­şu­sy Türk­me­nis­tan bi­len bi­le­lik­de bir­nä­çe iri tas­la­ma­la­ry – Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan-Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si, Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan elek­trik ge­çi­ri­ji­si, Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Tä­ji­gis­tan po­lat ýo­ly ýa­ly en­çe­me tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­ýän­di­gi­ni bel­le­di. 500 ki­lo­wat güý­jen­me­li elekt­rik ge­çi­ri­ji­si, Tur­gun­dy, Hy­rat, Çe­men aw­to­mo­bil ýol­la­ry, Ça­ba­har-Ho­waf-Hy­rat de­mir ýo­ly, “CASA-1000” elekt­rik ge­çi­ri­ji­si we “La­zu­rit” ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­si tas­la­ma­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti­niň ulu­dy­gy bel­len­di.
Ow­gan il­çi­si bu tas­la­ma­la­ryň Ow­ga­nys­ta­ny Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­ti bi­len Gü­nor­ta Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da esa­sy söw­da we üs­ta­şyr mer­ke­zi­ne öwür­jek­di­gi­ni bel­läp, şeý­le tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne uly gol­daw we ýar­dam ber­ýän Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ne ho­şal­ly­gy­ny bil­dir­di.
Il­çi çy­ky­şy­ny “Ýa­şa­syn Ow­ga­nys­tan! Ýa­şa­syn Türk­me­nis­tan! Ýa­şa­syn er­kin­lik! Iki er­kin we şan­ly hal­kyň we döw­le­tiň dost­lu­gy ba­ky bol­sun!” ýa­ly söz­ler bi­len ta­mam­la­dy.
Da­ba­ra­da edi­len çy­kyş­lar­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň ta­gal­la­sy bi­len türk­men-ow­gan gat­na­şyk­la­ry­nyň hil taý­dan tä­ze de­re­je­le­re gö­te­ri­len­di­gi bel­le­nip ge­çil­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň dur­muş äh­mi­ýet­li baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da goň­şy Ow­ga­nys­ta­nyň hal­ky­na yzy­gi­der­li yn­san­per­wer kö­mek­le­ri­niň be­ril­ýän­di­gi, döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry köp san­ly se­bit we dün­ýä äh­mi­ýet­li tas­la­ma­lar bi­len baý­laş­dy­ryl­ýan­dy­gy mä­lim edil­di.