Türkmenistan ylym-bilim kuwwatyny parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga gönükdirip, esasy halkara guramalary, daşary ýurtlaryň ylym merkezleri bilen ylmy, tehniki, innowasion-tehnologiki hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýär. Ýurdumyz bilime dünýä ülňülerini ornaşdyrmak bilen, ynsanperwer ulgamda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklary ösdürýär. “TEMPUS-TASIS” ýaly bilim maksatnamalarynyň çäklerinde dürli taslamalaryň amala aşyrylmagy döwletimiziň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleriniň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýlandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Biziň döwletimiz dünýäde ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösýän kuwwatly döwletleriň biri hökmünde tanalýar. Ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň täze taryhy tapgyry ykdysadyýetimiziň beýleki ulgamlary bilen bilelikde, bilim ulgamynyň hem yzygiderli kämilleşdirilmegini talap edýär. Ýurdumyzda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, bilim ulgamynda baý tejribe toplanyldy. Iň täze kompýuterler, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalarynyň, çagalar baglarynyň we çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň gurulmagy, halkara guramalar, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, daşary ýurt dillerini okatmagyň kämilleşdirilmegi döwletimiziň bu ulgamy düýpli özgertmäge aýratyn üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Döwletimiz ýaş türkmenistanlylaryň ajaýyp bilim we terbiýe alyp, eziz Watanymyza we halkymyza mynasyp hyzmat etmegi üçin ähli şertleri döredýär. Milli Liderimiziň öz çykyşlarynda belleýşi ýaly, biziň esasy wezipämiz halkymyzyň taryhyny bilýän, ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan uly üstünliklerine buýsanýan, Garaşsyz Türkmenistanyň şan-şöhratyny has-da artdyrmaga çalyşýan hakyky watançylaryň ýokary bilimli neslini ýetişdirmekden ybaratdyr.
Biz talyp ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, halkara derejesindäki bilimli nesil bolup ýetişmegi üçin hormatly Prezidentimiziň döredip berýän ähli şertlerinden netijeli peýdalanarys. Milli Liderimiziň kesgitleýän aýdyň wezipelerini durmuşa geçirmäge ähli başarnygymyzy we ukybymyzy sarp ederis.
Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn bilim özgertmeleri üçin hormatly Prezidentimize hoşallygymyzy bildirýäris. Her pursatda raýatlaryň bagtyýarlygy hakynda bimöçber alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn!
Orazgeldi Ýazbaýew,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag
kommunikasiýalary institutynyň talyby.