“Ze­roAvia” şe­re­ke­ti­niň in­že­ner­le­ri uçar­lar üçin has aras­sa ýan­gyç­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ýar. Şe­re­ke­tiň hü­när­men­le­ri, il­kin­ji no­bat­da, 800 ki­lo­met­r ara­ly­ga uçup bi­lýän 20 orun­lyk ho­wa gä­mi­le­ri­ni ön­dür­me­gi mak­sat edin­ýär. Şe­re­ket “Pi­per M” syn­py­na de­giş­li uça­ryň ba­za­syn­da dö­re­di­len il­kin­ji nus­ga­lyk uça­ry­ny sy­nag­dan ge­çir­di. 2 ton­na ýük gö­te­ri­ji­li­gi bo­lan uçar hä­zir­ki wagt­da daş­ky gur­şa­wa zy­ýan ýe­tir­me­ýän dün­ýä­niň iň uly uça­ry ha­sap­lan­ýar. Elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän uçar­la­ry ön­dür­mek ba­ra­da bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri ta­gal­la edil­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da bu ugur­da has köp tas­la­ma dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ba­ta­re­ýa­ly ýa-da gib­rid gur­luş­ly uçar­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ýan on­lar­ça şe­re­ket bar. Bu ugur­da aw­tou­lag se­na­ga­tyn­da hem uly iş­ler edil­ýär. Al­ter­na­tiw ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­niň ara­syn­da wo­do­rod hem çöz­güt hök­mün­de tek­lip edil­ýär. Wo­do­rod iň köp ele­ment­le­riň bi­ri bo­lup, ýe­ras­ty ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ne bo­lan ga­raş­ly­ly­gy azald­ar. “Ze­roAvia” gel­jek ýyl bu uça­ry ula­ny­şa taý­ýar et­me­gi mak­sat edin­ýär.