Kä­bir aw­tou­lag modelleri uzak wagt­lap ön­dü­ril­me­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Şeý­le brend­le­riň bi­ri bo­lan “Mi­ni” döredilmeginiň 60 ýyllygyny baý­ram et­mä­ge taý­ýar­lan­ýar. 2000-nji ýyl­da ne­mes kom­pa­ni­ýa­sy BMW ta­ra­pyn­dan sa­tyn alyn­ýan­ça ulagdan 40 ýyl­lap di­ňe ýe­ke-täk mo­del ön­dü­ri­lip­di. 1978-nji ýyl­dan bä­ri “Mi­ni Coo­per”-iň eýe­le­ri her ýyl baý­ram­çy­lyk my­na­sy­bet­li da­ba­ra gat­naş­ýar. Şe­re­ke­tiň döredilen ýe­ri bo­lan Ang­li­ýa­da ge­çi­ril­jek da­ba­ra­nyň çäk­le­rin­de Oks­ford şä­he­rin­den Bris­tol şä­he­ri­ne çen­li ulag ker­we­ni gu­ra­lar. Ulag ker­we­ni­niň ba­şy­ny bu da­ba­ra my­na­sy­bet­li ýö­ri­te ön­dü­ri­len “Mi­ni Coo­per” çe­ker. On­uň yzy bilen has kö­ne mo­del­ler ýörär.