Do­mi­no­ny iki, üç ýa-da dört bo­lup oý­nap bol­ýar. Bu oýun­da adat­ça 28 daş bol­ýar. Her daş çy­zyk bi­len ikä bö­lü­nip, onuň her ta­ra­pyn­da 0-dan 6-a çen­li no­kat bol­ýar. Boş ýer­ler no­ly ala­mat­lan­dyr­ýar. Oý­nuň esa­sy mak­sa­dy do­mino daş­la­ry­nyň deň no­kat­ly ta­rap­la­ry­ny bi­rik­di­rip, ola­ry yzygiderli düz­mek­den yba­rat­. Oý­na baş­la­maz­dan öň, nä­çe bo­lup oý­nal­jak­dy­gy, soň­ra bol­sa, nä­çe utuk al­nan­da oý­nuň ta­mam­lan­jak­dy­gy kes­git­lenil­ýär. Em­ma bu oýun­da iň köp utuk alan ýe­ňil­ýär. Se­bä­bi, utuk ýeň­le­ne be­ril­ýär. Her oýun­çy­da 7 sa­ny daş bo­lup, bu daş­la­ry il­kin­ji gu­ta­ran ýe­ňi­ji bol­ýar. Oýun ta­mam­la­nan­da, beý­le­ki oýun­çy­la­ryň elin­de ga­lan daş­la­ryň no­kat­la­ry­nyň sa­ny ola­ra je­ri­me utugy hök­mün­de be­ril­ýär. Bu oýnuň başga gör­nüş­li oý­na­lyş­la­ry hem bar. Teh­no­lo­gi­ýa­nyň ös­me­gi bi­len oý­nuň hem komp­ýu­ter­ler we smart­fon­lar üçin ni­ýet­le­nen gör­nüş­le­ri bol­sa-da, deň-duş­la­ry­ňyz bi­len oý­na­ma­gyň has gy­zyk­ly­dy­gy­ny unut­maň!
Şeý­le hem do­mi­no­nyň has ki­çi ýaş­ly ça­ga­la­ra ni­ýet­le­nen su­rat­ly, su­rat­ly-san­ly gör­nüş­le­ri hem bar. Bu do­mi­no­lar­da jan­ly-jan­dar­la­ryň, miwedir gök önümleriň, ulaglaryň şe­kil­le­ri bo­lup, olar reňk­le­ri we suratlardaky zatlary öw­ren­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Mundan başga-da do­mi­no daş­la­ryn­dan dür­li şe­kil­le­ri hem ýa­sap bi­ler­si­ňiz!
Bu oý­nuň ta­ry­hy ba­ra­da dür­li çeş­me­ler­de dür­lü­çe mag­lu­mat­lar bar. Ta­ry­hyň dür­li dö­wür­le­rin­de, dür­li ýer­ler­de dominonyň baş­ga gör­nüş­le­ri oý­na­lyp­dyr. Kä­bir çeş­me­ler­de onuň III asyr­da peý­da bo­lan­dy­gy bel­le­nil­ýän bol­sa, kä­ýer­ler­de XII asyr­da Hy­taý­da ýü­ze çy­kan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Il­ki­baş­da­ky do­mi­no­lar­da nol sa­ny we dü­şün­je­si ýok­du­gy se­bäp­li, boş ýer bol­man­dyr. Hä­zir­ki­le­re meň­zeş do­mi­no­nyň XVIII asyr­da Ita­li­ýa­da peý­da bo­lan­dy­gy aý­dyl­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da bu oýun Fran­si­ýa we De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka ýurt­la­ry­na ýaý­rap­dyr. Bu söz ital­ýan­ça bo­lup, ol baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ryn­da ýö­ri­te ge­ýil­ýän lybasy aň­lad­ýar.