Gu­ry ýer­de ýa­şa­ýan uly jan­dar­la­ryň bi­ri bo­lan pil­ler adam­la­ryň iň ýa­kyn dost­la­ry­nyň bi­ri­dir. Pil­le­riň beý­le­ki haý­wan­lar­dan esa­sy ta­pa­wu­dy ola­ryň hol­tu­my we ul­la­kan gu­lak­la­ry­nyň bol­ma­gy­dyr. Ýer ýü­zün­de, esa­san, iki gör­nüş­li pil bo­lup, olar Hin­dis­tan (ýa-da Azi­ýa) we Af­ri­ka pil­le­ri­dir. Af­ri­ka­da ýa­şa­ýan pil­ler has uly bo­lup, ola­ryň gu­lak­la­ry or­ta­ça 50 ki­log­ram tö­we­re­gi bol­ýar. Azi­ýa pil­le­ri­niň gu­lak­la­ry bol­sa, sä­hel ki­çi­räk­dir. Bu jan­dar­lar gu­lak­la­ry­ny ýel­pe­waç ýa­ly gal­ga­dyp, si­ňek­dir mör-mö­jek­ler­den go­ran­ýar­lar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ki­çi­räk jan­dar­lar haý­sy­dyr bir duş­ma­ny­na sa­taş­sa, be­den­le­ri­ni çi­şi­rip, ola­ry gor­kuz­ýar. My­sal üçin, pi­şik­ler duş­ma­ny­ny gor­kuz­mak üçin tüý­le­ri­ni pez­zerd­ýär­ler. Bu ýag­daý pil­ler­de hem bar. Af­ri­ka pil­le­ri gu­lak­la­ry­ny 2 ine­dör­dül metr­den hem uly edip aç­ýar­lar. Şeý­le ýag­daý­da­ka se­re­de­niň­de pil has uly gö­rün­ýär. Pil­le­riň ýa­şa­ýan ýer­le­ri adat­ça, ys­sy ho­wa­ly bo­lup, olar gu­lak­la­ry bi­len ser­gin­le­ýär­ler. Pil­le­riň be­den­le­ri her­nä­çe uly bol­sa-da, de­ri­si be­de­nin­dä­ki gyz­gyn­ly­gy ka­da­ly ýaý­ra­dyp bil­me­ýär. Se­bä­bi, pil­le­riň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bi­ri de­ri mäz­le­ri­niň ýok­lu­gy­dyr. Şol se­bäp­li olar ys­sy gün­ler­de der­le­mek ar­ka­ly be­den tem­pe­ra­tu­ra­sy­ny dü­şü­rip bil­me­ýär­ler. Şeý­le bo­lan­soň, pil­ler gu­lak­la­ry­ny ýel­pe­waç hök­mün­de ulan­ýar­lar.
Pil­ler ada­myň se­sin­den onuň ýa­şy­ny ta­pa­wut­lan­dy­ryp bil­ýär­ler.
Eger-de eşi­den ses­le­ri ola­ry gor­kuz­sa ýa-da how­sa­la sal­sa wagt ýi­tir­män go­ran­mak üçin he­re­ke­te geç­ýär­ler.
Af­ri­ka er­kek pi­li­niň bo­ýy 4 metr we ag­ra­my 7000 kilograma ýet­ýär. Olar uzyn we ýi­ti diş­le­ri­ni ýe­ri gaz­mak üçin ulan­ýar­lar. Ur­şan­la­ryn­da hem diş­le­ri­ni ýa­rag hök­mün­de peý­da­lan­ýar­lar.
Pil­ler ot bi­len iý­mit­le­nip, olar to­kaý­lar­da, çöl­ler­de we bat­ga­lyk ýa­ly te­bi­gy ýer­ler­de ýa­şa­ýar­lar.
Piller adat­ça su­wuň ke­nar­la­ryn­da gez­me­gi ha­la­ýar­lar.
Pil­ler adat­ça öz ça­ga­la­ry we maş­ga­la ag­za­la­ry bi­len to­par bo­lup ýa­şa­ýar­lar.
Pil­le­riň maş­ga­lalary wag­tal-wag­tal bir ýe­re top­la­nyp, has uly to­par bolup ýaşa­ýar­lar.
Pil­ler te­bi­gy şert­ler­de 70 ýy­la çen­li ýa­şap bil­ýär­ler.
Pil­ler uzak ara­lyk­dan adam­la­ryň eşi­dip bil­me­jek pes de­si­bel­li ses­le­ri­ni eşi­dip, bir-bi­ri bi­len ha­bar­laş­­ýar­lar.
Pil­ler baş­ga bir pi­liň se­si­ni 8 ki­lo­metr uzak­lyk­dan eşi­­ýärler.