Futbol boýunça Türkmenistanyň milli çempionatynda 17-nji tapgyrda 3 duşuşyk geçirildi. “Ahal” bilen “Nebitçiniň” arasyndaky oýunda hasap açylmady. Bu deňlikden soň, 1 oýny kem “Ahal” 3-nji orna düşdi. 2-nji basgançaga beýgelen “Şagadam” öz meýdançasynda “Aşgabatdan” 2-1 üstün çykdy. Myhmanlar 8-nji minutda Şatlyk Gurbanowyň goly bilen öňe saýlandylar. Ýöne soňky 3 minutda 2 gol geçiren “Şagadam” 3-nji aýlawdaky ilkinji ýeňşini gazandy. Kenarýaka şäheriniň futbol toparyna ýeňiş getiren gollary 87-nji minutda Daýanç Orazgulyýew bilen 89-njy minutda Baýramgeldi Nurlyýew derwezä girizdi. “Merw” bilen “Köpetdagyň” arasyndaky oýunda ýeňiş gazanan bolmady. Paýtagtlylar 24-nji minutda Baýramgeldi Gulmaýewiň goly bilen hasaby açdy. 2-nji ýarymyň başynda, has takygy, 46-njy minutda “Merw” Annageldi Weliýewiň goly bilen hasaby deňlemegi başardy. “Energetik” bilen “Altyn asyryň” duşuşygy 23-nji oktýabra geçirildi.