Ýew­ro­pa­nyň TOP 5 li­ga­syn­da şu wag­ta çen­li di­ňe “Se­rie A-da” tä­ze möw­süm baş­lan­man­dy. Ine-de, go­rag fut­bo­ly bi­len ady­gan ital­ýan­la­ryň iň uly wit­ri­na­sy bo­lan “Se­rie A-nyň” 88-nji, umu­my­lyk­da-da Ita­li­ýa­nyň ýo­ka­ry li­ga­sy­nyň 118-nji möw­sü­mi­ne şu gün ba­dal­ga ber­ler.
“ÝUWENTUS” ÝENE-DE
ÇEMPIONLYGA GOLAÝ
20 klu­buň çy­kyş ed­ýän çem­pio­na­tyn­da bu möw­süm­de-de çem­pi­on­ly­gyň iň esa­sy, hat­da, bel­li bir de­re­je­de ýe­ke-täk da­laş­gä­ri ýe­ne-de “Ýu­wen­tus” to­pa­ry bo­lar. Soň­ky 8 ýyl­da yz­ly-yzy­na, umu­my­lyk­da-da 35 ge­zek çem­pi­on­lyk ga­za­nan Go­ja Sin­ýo­ra möw­sü­me tä­ze tä­lim­çi­si Mau­ri­zio Sar­ri­niň tä­lim­çi­li­gin­de baş­la­ýar. Ge­çen möw­süm­de “Çel­si­de” iş­län Sar­ri­niň tä­ze to­pa­ryn­da her po­zi­si­ýa (go­rag, hü­jüm…) üçin azyn­dan 2-3 sa­ny fut­bol­çy­nyň bol­ma­gy aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir. El­bet­de tu­rin­li­le­riň ýe­ne bir iň esa­sy ar­zu­wy, ol hem çär­ýek asy­ra go­laý wagt­dan bä­ri ga­za­nyp bil­me­ýän Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­mek bo­lar. Çem­pi­on­lyk ýo­lun­da “Ýu­wen­tu­sa” päs­gel­çi­lik dö­re­dip bil­jek to­par­lar hök­mün­de-de Kar­lo An­çe­lot­ti­niň tä­lim­çi­li­gin­dä­ki “Na­po­li” bi­len “Ýu­wen­tu­syň” ozal­ky tä­lim­çi­si An­to­nio Kon­te­ni we­zi­pä bel­len “In­ter” klub­la­ry gör­ke­zil­ýär. “Ro­ma”, “Mi­lan”, “La­sio”, “Fio­ren­ti­na” to­par­la­ry çem­pi­on­ly­gy beý­le­ki da­laş­gär­le­ri ha­sap­lan­ýar. Li­ga­nyň tä­ze klub­la­ry “Bre­şi­ýa” 8, “Leç­çe” 7, “Hel­las We­ro­na” bol­sa, 1 ýyl­dan soň, “Se­rie A” do­lan­dy. Ge­çen möw­sü­miň ahy­ryn­da to­par­la­ryň 7-si tä­lim­çi­si­ni çal­şyp, ola­ryň ara­syn­da “Ýu­wen­tus”, “In­ter”, “Ro­ma”, “Mi­lan” ýa­ly li­ga­nyň esa­sy klub­la­ry hem bar. Çem­pio­nat­da­ky 20 klu­buň 16-sy­nyň tä­lim­çi­si ýer­li ital­ýan­lar bo­lup, ga­lan­la­ry hor­wa­ti­ýa­ly (2), ser­bi­ýa­ly hem-de por­tu­ga­li­ýa­ly hü­när­men­ler­dir.

Ikin­ji tap­gyr­da
2 uly du­şu­şyk
Çem­pio­nat çem­pi­on “Ýu­wen­tu­syň” myh­man­çy­lyk­da­ky “Par­ma” du­şu­şy­gy bi­len açyl­sa, tap­gy­ryň iň esa­sy oý­ny “Fio­ren­ti­na” bi­len “Na­po­li­niň” ara­syn­da bo­lar. Eý­ýäm 2-nji tap­gyr­da we­lin, fut­bol jan­kö­ýer­le­ri­ne 2 uly du­şu­şyk, “Ýu­wen­tus”–“Na­po­li” hem-de Rim der­bi­si “La­sio”–“Ro­ma” oýun­la­ry ga­raş­ýar. “Ýu­wen­tus”–“Na­po­li” oý­nu­nyň tä­lim­çi Maurizio Sar­ri üçin aý­ra­tyn or­ny bo­lar.
Il­kin­ji çem­pi­on “Je­noa”
Ita­li­ýa­nyň ýo­ka­ry li­ga­sy 1898-nji ýyl­da ge­çi­ri­lip baş­lanýar. Şon­da il­kin­ji 7 möw­süm­de “Je­noa” to­pa­ry 6 çem­pi­on­lyk ga­zan­ýar. 2 ge­zek yz­ly-yzy­na 3 çem­pi­on­lyk ga­za­nan “Je­noa­nyň” ýe­ňiş­le­ri­niň ara­sy­ny “Mi­lan” to­pa­ry üz­ýär. 1929/30 möw­sü­min­den baş­lap “Se­rie A” ady­ny alan çem­pio­nat şol ýy­la çen­li dür­li at­lar bi­len ge­çi­ril­ýär. Ita­li­ýa­da iň köp çem­pi­on­lyk ga­za­nan to­par “Ýu­wen­tus” bo­lup, olar 35 ge­zek çem­pio­na­ty iň ýo­kar­ky orun­da ta­mam­la­ýar. “Mi­lan­dyr” “In­te­riň” her­si 18, soň­ky ge­zek 1924-nji ýyl­da çem­pi­on bo­lan “Je­noa” 9, “To­ri­no”, “Bo­lon­ýa” we hä­zir­ki wagt­da “Se­rie C-de” çy­kyş ed­ýän “Pro Wer­çel­li” 7, “Ro­ma” 3, “Na­po­li”, “La­sio”, “Fio­ren­ti­na” 2, “Ka­lia­ri”, “Çe­sa­le”, “No­we­se”, “Hel­las We­ro­na” we “Samp­do­ri­ýa” 1 sa­par çem­pi­on­lyk ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­ýär. “Se­rie A-da” äh­li möw­süm­de, ýag­ny 1929/30 möw­sü­min­den bä­ri di­ňe “In­ter” to­pa­ry çy­kyş edip gel­ýär. “Ýu­wen­tus”, “Ro­ma” 87, “Mi­lan” 86 möw­süm bi­len öň­dä­ki 3 or­ny eýe­le­ýär­ler. Çem­pio­nat­da şu wag­ta çen­li, ýag­ny 1929-njy ýyl­dan bä­ri je­mi 67 to­par çy­kyş et­di.